KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY

2019-njy ýylyň 16-njy aprelinde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saparynyň çäklerinde Türkmenistana döwlet sapary başlandy.

2019-njy ýylyň 17-nji martynda resmi garşylamak hem-de Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi taýdan surata düşmek dabarasyndan soňra  Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýanyň Prezidenti Mun Çže Ini «Oguzhan» Köşkler toplumyna çagyrdy, bu ýerde ikiçäk görnüşdäki türkmen-koreý gepleşikleri geçirildi.

Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdirildi. Iki ýurduň Baştutanlary türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar, gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatynda onuň ähmiýetli ugurlaryny kesgitlediler.

Türkmenistanyň Prezidenti gepleşikleriň barşynda Türkmenistan özüniň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmeginiň çäklerinde esasan üç ugra: energetika, ulag we suw diplomatiýasyna aýratyn üns berýär diýip belledi. Iki ýurduň global durnukly ösüş meseleleri boýunça garaýyşlarynyň birmeňzeşligini nygtamak bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna Türkmenistanyň energetika howpsuzlygy, durnukly ulag, daşky gurşawyň goragy ulgamlaryndaky halkara başlangyçlaryny goldaýandygyna minnetdarlyk bildirdi.  

Bellenilip geçilişi ýaly, energetika, ulag, suw serişdeleri we ekologiýa taraplaryň mundan beýläk hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk Forumynyň çäklerinde netijeli işlemekleri üçin ugurlar hökmünde kesgitlenilip bilner. Bu Forum koreý tarapynyň başlangyjy boýunça 10 ýyl mundan öň döredilendir we sebitde köpugurly hyzmatdaşlygyň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi üçin täsirli platforma bolup durýandyr.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-koreý gatnaşyklarynyň möhüm bölegi hökmünde ýokary derejeli gepleşikleriň esasy temasy boldy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlarynyň biri hökmünde ulag pudagy kesgitlenildi. Koreýanyň iri ulag-logistika, gämigurluşyk kompaniýalary, şeýle hem ýokary hilli awtoulaglary, lokomotiwleri we wagonlary öndürýän kärhanalary durnukly ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm elementi hökmünde Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa infrastrukturasynyň ösdürilmegine gatnaşyp bilerler.

Söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, bar bolan bilelikdäki geljegi uly ykdysady taslamalaryny utgaşdyrmak, hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmek, iki ýurduň işewürler toparlarynyň işewürlik işjeňliklerini güýçlendirmek maksady bilen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikdäki türkmen-koreý Işewürlik Geňeşiniň döredilmegini teklip etdi. Türkmen we koreý senagat kärhanalary, söwda firmalary, banklar, maliýe-senagat institutlary, ykdysady maglumat merkezleri onuň düzümine girip bilerler. 

Ýokary derejeli gepleşikleriň barşynda medeni-ynsanperwerlik ulgamyndaky özarahereketleri giňeltmegiň wajyplygy bellenilip geçildi. Türkmenistanda koreý diline hem-de koreý halkynyň gadymy özboluşly medeniýetine ýokary hormat goýulýar. Soňky ýyllarda Koreýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde 170-den gowrak türkmen talyplary bilim aldylar we okuwlaryny dowam etdirýärler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň däp bolan ugurlarynyň biri hem sport bolup durýandyr. Türkmenistanda sportuň güýç sarp edilýän görnüşleri aýratyn meşhur bolup, olaryň arasynda koreý milli başa-baş söweşi bolan tekwando aýratyn orny eýeleýändir. Syýahatçylyk ugry boýunça hem giň gerimli mümkinçilik döredilýändir.   

Ýokary derejeli türkmen-koreý gepleşikleri tamamlanandan soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň gatnaşmagynda aşakdaky resminamalara gol çekildi:

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda diplomatik, gulluk we ýörite pasportlaryny eýeleri üçin wiza talaplaryny ýatyrmak hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2019-2021-nji ýyllar üçin Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Maksatnama; 2015-nji ýylyň 13-nji aprelinde Seul şäherinde gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hem-de girdejiler üçin salgyt babatda fiskal boýun gaçyrmalaryň öňüni almak hakyndaky Konwensiýa üýtgetmeleri girizmek hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Medeniýet we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ylym we maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalar ministrliginiň arasynda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we Koreýa Respublikasynyň Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministrliginiň arasynda lukmançylyk işgärleriniň, farmasewtika serişdeleriniň we lukmançylyk enjamlarynyň özara alyşylmagy boýunça hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmegiň Meýilnamasy.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Türkmenistana döwlet saparynyň jemleri boýunça Döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.

Mundan başga-da düýn Aşgabatda döwletara gatnaşyklarynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny baýlaşdyran we berkiden dokma senagaty, ulag, nebitgaz toplumy, saglygy goraýyş we derman senagaty, bilim we ýokary hünär derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy we beýleki ugurlary öz içine alýan ulgamlar boýunça gol çekilen ýigrimä golaý ähtnamalary we ylalaşyklary öz içine alýan resminamalaryň ähmiýetli bukjasyna gol çekilendir.  

Ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra iki ýurduň Döwlet Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine Ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Soňra belent mertebeli myhman Gypjaga ugrady, bu ýerde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýadygärligini hatyralap, kümmete gül çemenini goýdy we Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine baryp gördi.

Soňra Koreýanyň Prezidentiniň ulag kerweni Türkmenistanyň Garaşsyzyk binasyna ugrady, bu ýerde belent mertebeli myhman gül çemenini goýdy we Hormatly myhmanlaryň seýligähinde agaç nahalyny oturtdy.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Türkmenistana döwlet sapary dowam edýär.