img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMEN BEDEWINIŇ BAÝRAMYNA BAGYŞLANYP GEÇIRILJEK DABARALAR

photo

Türkmenistanda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisi, Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli halkara sergi-ýarmarkasy,  «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XI halkara ylmy maslahaty hem-de Halypa çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşygy geçiriler.

Mundan başga-da, «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi« atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda at çapyşyklarynyň we beýleki çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Ýokarda agzalan dabaralara gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşky gurşawy goramak we oba hojalyk ministri Abdulrahman Abdulmohsen Al Fadleýi, Katar Döwletiniň Emiriniň dogany Şeýh Tani bin Hamad Al Taniniň, Bahreýn Patyşalygynyň Daşky gurşaw boýunça Ýokary geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Patyşalyk atçylyk we at ýaryşlary federasiýasynyň prezidenti Şeýh Faýsal Bin Raşid Bin Isa Al Halifa şeýle hem beýleki ýokary derejeli myhmanlaryň gelmegine garaşylýar.