ASTRAHANDA HAZARYŇ GORANMAK EDARALARYNYŇ WEKILIÝETLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 22-24-nji apreli aralygynda Astrahan şäherinde (Russiýa Federaiýasy) Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynyň (HDDUI) binýadynda 2018-nji ýylyň awgustynda Aktau şäherinde geçirilen Hazar ýurtlarynyň Baştutanlarynyň V Sammitiniň barşynda gol çekilen Hazar deňzinde hadysalaryň öňüni almak hakynda ylalaşygyň ýerine ýetirilişiniň barşy bilen bagly bolan meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýanyň goranmak edaralarynyň wekiliýetleriniň birinji duşuşygy geçirildi.

Вu resminama hazarýaka döwletleriniň özarahereket etmek boýunça binýatlaýyn ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine we sebitde durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Duşuşykda taraplar hazarýaka döwletleriniň flotlarynyň arasyndaky ynanyşmagyň ýokary derejesini, şeýle hem geljekde sebitde mundan beýläk hem howpsuzlygyň berkidilmegine ýardam etjek Hazarda ynanyşmak çäreleri hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmaga taýýarlyklaryny beýan etdiler.