21-22-NJI MAÝDA «АWAZA» MILLI SYÝAHATÇYYK ZOLAGYNDA X HALKARA GAZ KONGRESI GEÇIRILER

2019-njy ýylyň 21-22-nji maýynda «Аwaza» Milli syýahatçyyk zolagynda X Halkara gaz kongresi geçiriler. «Тürkmengaz» Döwlet konserni we «Тürkmen forum» hojalyk jemgyýeti bu ýöriteleşdirilen forumyň guramaçylary bolup çykyş edýärler.

Geçiriljek kongress ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryny we wekillerini, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň hünärmenlerini, halkara guramalarynyň, innowasion merkezleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň wekillerini, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini özünde jemlär.

Bu çärä «Exxon Mobil», «Shell», «Gazprom», «Petronas», «CNPC», «Hyundai», «Kawasaki», «NAPECO», «Vitol», «Dragon Oil», «ENI», «Buried Hill», «LG», «Gaffney, Cline & Associates» we beýlekiler ýaly dünýäniň energetika bazarynda möhüm orny eýeleýän meşhur iri kompaniýalaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýangyç-energetika ulgamynda gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurt hyzmatdaşlar bilen özarabähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen bolmak bilen, bu forum tejribe alyşmagyň, şeýle hem dünýäniň iri maliýe we nebitgaz kompaniýalary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meýdançasyna öwrüler.