ÝAPONIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇIHANASYNDA GUTLAG KITABY AÇYLDY

2019-njy ýylyň 1-nji maýynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda bu ýurduň Imperatory Naruhitonyň tagta geçmegi mynasybetli Gutlag kitaby açyldy. Bu kitap Türkmenistanyň resmi adamlarynyň, ýurtda akkreditirlenen diplomatik korpusynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň adyndan gutlag sözlerini ýazmak üçin niýetlenendir.   

Şu gün Gutlag kitabynda Türkmenistanyň resmi adamlary özleriniň ýadygärlik gutlag ýazgylaryny ýazdylar.

Gutlag kitaby Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň üsti bilen Imperatorlyk köşgüniň Müdirligine beriler.