Türkmenistanyň Daşkentdäki diplomatik wekilhanasy kiçi futbol boýunça Kubok ugrunda ýaryş gurady

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýasy uniwersitetiniň (DYDU) goldamagynda kiçi futbol boýunça ýaryş gurady. Ol ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş çäreleriniň biraýlygyna gabatlandy we 2019-njy ýylyň “Türkmenistan –rowaçlygyň Watany” şygaryna bagyşlandy.

Ýaryşa Ilçihananyň işgärleri, Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary, şeýle hem DYDU-nyň rektoratynyň wekilleri, mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Ýaryşyň açylyş dabarasynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy ulgamlarynda gazanan üstünlikleri, daşary syýasatynyň esasy ugurlary hem-de türkmen Lideriniň dünýäde özboluşly taryhy-medeni mirasy wagyz etmäge, sport diplomatiýasyny ilerletmäge, şeýle hem Türkmenistanyň maýa goýum we syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlary bilen tanyşdyryldy.

Ýaryş tamamlanandan soň baýrakly orunlary eýelän toparlara Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň adyndan kuboklar we medallar gowşuryldy. Sport çäresi özbek telewideniýesiniň ýaýlymlarynda görkezildi.