Türkmenistanyň Gazagystandaky Ilçihanasy sport çärelerini geçirdi

Türkmenistanyň Gazagystandaky diplomatik wekilhanasy futbol, stol üstünde oýnalýan tennis we uly tennis boýunça ýaryş geçirdi. Oňa talyplar, şol sanda biziň ýurdumyzdan Almatynyň ýokary okuw mekdeplerinde: Gazagystanyň Abaý adyndaky mugallymçylyk milli uniwersitetinde, şeýle hem GDYSI-da, tehnologiýa, Halk hojalygy, Süleýman Demirel adyndaky we beýleki uniwersitetlerinde bilim alýan ýaşlar gatnaşdylar.

Bäsleşikler ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş çäreleriniň biraýlygyna gabatlandy we sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmaga hem-de ýaşlary sportyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga çekmäge gönükdirildi.

Ýaryş tamamlanandan soň baýrakly orunlary eýelän toparlara Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Oňa gatnaşanlar we myhmanlar üçin sahawatly saçak ýazyldy.

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň Gazagystanyň Jambyl oblastynda guran köpçülikleýin welosiped ýaryşyna M. H. Dulati adyndaky Taraz döwlet uniwersitetinde we Taraz döwlet mugallymçylyk uniwersitetinde ýokary bilim alýan ýaş ildeşlerimiz gatnaşdylar.