Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

.

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde, Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öň ýanynda çapdan çykan neşir milli Liderimiziň ähli watandaşlarymyza hem-de ahalteke tohum atlarynyň bütin dünýädäki köp sanly janköýerlerine ajaýyp sowgadydyr.

Dabaralara hökümet agzalary, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, medeniýet işgärleri hem-de sungat ussatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabaralaryna gatnaşyjylar türkmen halkynyň taryhyna, medeniýetine, özboluşly däp-dessurlaryna gyzgyn söýgüsi üçin döwlet Baştutanymyza ägirt uly hoşallyk bildirip, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda milli buýsanjymyzy wagyz etmek boýunça alnyp barylýan köptaraply işleriň täze depgine eýe bolandygyny bellediler. Bedewlerimiz şol buýsanjyň bir bölegidir.

Ýurdumyzyň atçylygyny, bu ulgamda halkara gatnaşyklary ösdürmekde çäksiz goşandy hem-de eýeleýän ajaýyp şahsy orny, Türkmenistanda döwrebap pudaklaýyn düzümiň döredilendigi üçin milli Liderimiziň adyna tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze döredijilik işi döwlet Baştutanymyzyň ahalteke bedewlerine bagyşlanan eserleriniň tapgyryny dowam edip, döwrüň hem-de nesilleriň, ýurdumyzyň taryhynyň we şu gününiň, at aýratyn orun tutýan medeniýetiniň aýrylmaz arabaglanyşygynyň duýgusyna beslenendir. Bedew at halk döredijiliginde edebiýatda, şekillendiriş sungatynda we sazda, halkyň ruhunda dünýägaraýşynda, türkmenleriň aň-düşünjesiniň keşbinde we durmuşynda hemişe bar.

«Atda wepa-da bar, sapa-da» kitaby 8 bölümden ybarat bolup, dünýä taryhynda atyň keşbiniň kemala gelşiniň geçmişini öz içine alýan gözýetimi yzygiderli açyp görkezýär.

Milli Liderimiz özüniň her bir eserinde bolşy ýaly, ildeşlerimiz bilen pikirini paýlaşýar. Awtor «Ýoluň — rowaç, iliň — rowaç!» diýen ilkinji, giriş bölüminde türkmenleriň taryhynyň atlar bilen neneňsi ysnyşykly arabaglanyşyklydygy hem-de bu arabaglanyşygyň milletiň ykbalyny neneňsi kesgitländigi, onuň häsiýetine neneňsi täsir edendigi barada pikir ýöredýär. Şunda hormatly Prezidentimiz özüne ylham beren taýçanak bilen bolan ilkinji duşuşygy barada-da gürrüň berýär. Milli Liderimiz oňa buýsançly we joşgunly bolan Rowaç diýip at goýdy. Bu ylham şahyrana setirlere öwrüldi, täze kitap hem şol goşgy setirleri bilen açylýar.

«Bedew atyň ýüwrük bolsun!» diýen indiki bölümde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň ruhy-taryhy tejribesine, türkmenleriň medeniýetine, pikirlenişine, özboluşlylygyň düýpli möhrüni goýan tejribesine ýüzlenýär. Hormatly Prezidentimiz milli özboluşly häsiýetiň gözbaşlaryny, emele gelmegiň ýagdaýlaryny seljerip, öz kökleriňe wepadarlyk, Watana bolan çäksiz söýgi hem-de oňa gulluk etmek maksady ýaly esasy pursatlary ýüze çykarýar. Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi türkmenleriň dünýä ähmiýetli gymmatlyga öwrülen bedewlerine bolan üýtgeşik we özara baglanyşyklylygy arkaly ösdürip, taryhy maglumatlara, halk rowaýatlaryna ýüzlenýär, ahalteke bedewleriniň rowaýata öwrülen wekillerini ýatlaýar, beýik türkmen akyldarlarynyň aýdan sözlerini getirýär.

Bu ýerde okyjy türkmen bedewleriniň şöhratly senenamasynyň sahypalary, Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde adamzadyň irki ösüş döwürlerinde olaryň goýan yzlary, milli atşynaslyk sungatynyň inçe syrlary barada köp gyzykly maglumatlary tapar.

«Owal bedew aty gerek» diýen indiki bölümde türkmen edebi mirasynda, şol sanda «Görogly» şadessanynda bedewiň keşbi beýan edilen belent maksatlara we ruhy gymmatlyklara garalýar. Bu keşp güýçli, garaşsyz, gülläp ösýän döwlet baradaky düşünjä çenli belent derejä galýar. Bedew at dilden-dile geçirilip gelinýän halk döredijiliginde döwrüň nyşany, gözelligiň we kämilligiň beýik derejesi bolup çykyş edýär.

Häzir ajaýyp ahalteke bedewleri diňe bir şygyrlarda we aýdymlarda däl, eýsem, sungatyň suratkeşlik, heýkeltaraşlyk, halyçylyk görnüşlerinde hem wasp edilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär hem-de beýan etmegi häzirki zaman usulyna geçirip, ýurdumyzda döredijilik işgärleriniň arasynda bedewiň iň oňat çeper keşbini suratlandyrmak ugrunda guralýan bäsleşigi hem ýatlaýar.

«Asmandan inen ykbal» — milli Liderimiziň täze kitabynyň ýene-de bir bölümi şeýle atlandyrylýar. Onda meşhur seýis Aba Annaýewiň durmuşynyň mysalynda türkmen atşynaslygynyň däpleri barada gürrüň berilýär. Köpetdagyň eteklerinde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ýanynda gurlan nusgalyk oba onuň adyny göterýär. Kitabyň dowamynda okyjy beýleki ýurtlaryň atçylygynda «behişdi» bedewleriň köp tohumlaryň genofonduny baýlaşdyryp, neneňsi orun eýeländigini biler. Bu bölümde dünýä täsin atlary bagyşlan ahalteke bedewleriniň birnäçe tohum ugurlary yzarlanylýar.

Hormatly Prezidentimiz öz başlangyjy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary barada hem uly mähir we buýsanç bilen ýazýar. Bu topar haýran galdyryjy çykyşlary bilen bütin dünýäde şöhrat gazandy. Toparyň agzalarynyň durmuşyndan tolgundyryjy wakalar türkmenleriň öz behişdi bedewlerine neneňsi söýgi bilen garaýandygyny görkezýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň adamzadyň hem-de türkmen halkynyň ösüşinde bedew atyň ähmiýetiniň medeni-taryhy syny bolup durýandygy gürrüňsizdir. «At — türkmen üçin ähli zat» diýen bölüm Türkmenistanyň döwlet nyşanynda — tugrasynda bedewiň şekillendirilmegine hem-de türkmen atşynaslyk mekdebinde halypaçylyk däpleriniň dowam etdirilmegine, kanunçylyk esaslarynyň kämilleşdirilmegine we tohum atlaryny ösdürip ýetişdirmek ulgamynda hem-de atçylyk sportunda halkara hyzmatdaşlygyň ugurlaryna bagyşlanypdyr.

Bu bölüm «Ýanardagyň ýedi arkasy» diýen bölüm bilen sazlaşykly utgaşýar. Şonda onuň ugry beýan edilýär hem-de Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda şekillendirilen ajaýyp bedewiň gelip çykyşy hakynda beýleki maglumatlar berilýär. Kitap «Tejribe hem-de kämillik» diýen bölüm bilen dowam edip, döwlet Baştutanymyz onda milli taryha hormat goýmak, mirasy gorap saklamak we ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylyk arkaly ösüp gelýän nesli terbiýelemek hakynda pikir ýöredýär.

Özünde tebigaty hem-de ylmy, adamyň zähmetsöýerligini we zehinini birleşdirýän atşynaslygyň üsti bilen türkmen halkynyň terbiýe beriş däplerine, onuň durmuş pelsepesine hem-de ekologiýa taýdan dünýägaraýşyna hem garalýar. Şunda biziň jemgyýetimizde ýokary ekologiýa medeniýetiniň berkarar bolmagy üçin binýat görünýär.

«Toý gününde bedew atlar çapylar» diýlip atlandyrylan jemleýji bölüm türkmen dabaralarynyň hem-de baýramçylyklarynyň gyzykly pursatlaryna — at çapyşyklaryna we milli oýunlara bagyşlanypdyr. Bu ýerde milli Liderimiz bedewler bilen didarlaşmagyndan özünde galan täsirleri, olar bilen duşuşan mahaly, at üstünde gezim edýän ýa-da türgenleşik geçýän wagtlary döreýän pikirleri paýlaşýar.

Atlara bolan söýgüsini, olaryň tebigatyny bilmegi we oňa çuňňur düşünmegi, seýislemegiň syrlaryny döwlet Baştutanymyz agtygy Kerimguly Berdimuhamedowa hem öwretdi. Milli Liderimiziň agtygy hakyky atşynaslyk zehinini ýüze çykaryp, birnäçe atlary ýaryşlara taýýarlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz kitabynda milli atşynaslyk pudagyny we atçylyk sportuny ösdürmek, şolaryň ylmy esaslaryny kämilleşdirmek ulgamynda, innowasiýalary ornaşdyrmak, halkara derejede hyzmatdaşlyk etmek we tejribe alyşmak boýunça täze wezipeleri öňde goýýar.

Döwlet Baştutanymyz kitabynyň ahyrynda hemme beýan edenlerini jemläp we umumylaşdyryp, pikirini şeýle jemleýär:

«Biz bedewlerimiz bilen ýakynlygyň täsin filosofiýasyny döredýäris. Ol bolsa ýeňişdedir. Ýeňiş bolsa taplanmakdyr we kämilligiň menzilidir.

Öňe, diňe ýeňiş üçin, il-halkyň mertebesine şöhrat getir, bedewim!».

Şu gün tanyşdyrylyş dabaralarynda çykyş eden görnükli işgärler, şol sanda şahyrlar, sungat ussatlary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary täze kitabyň nesilden-nesle geçirijiligi gorap saklamaga hem-de milli ruhy gymmatlyklarymyzy we mirasymyzy, şol sanda atşynaslyk däplerimizi mundan beýläk-de wagyz etmäge ýardam berjekdigini biragyzdan bellediler.

Kitabyň tanyşdyrylyş dabaralarynyň dowamynda goşgular ýaňlandy, aýdym-sazly, halk döredijilik-etnografiýa çykyşlary görkezildi, sergiler guraldy.

Dabaralara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, medeniýet ulgamyna berýän hemmetaraplaýyn goldawy, merjeni ahalteke bedewleri bolan gymmatly milli mirasymyzy gorap saklamaga we artdyrmaga örän uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.