Aşgabatlylar «Zamfirescu» rumyn üçlüginiň we aýdymçy Adrian Nuaryň döredijiligi bilen tanyşdylar

photo

Magtymguly adyndaky Sazly drama teatrynda «Zamfirescu» rumyn maşgala üçlüginiň we aýdymçy Adrian Nuaryň türkmen sazandalary bilen bilelikdäki çykyşlary boldy. Konserti Rumyniýanyň Aşgabatdaky Ilçihanasy we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi guradylar.

Türkmenistanly aýdym-saz muşdaklary rumyn artistleriniň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar, döredijiliginde folklor, nusgawy ýewropa eserleri, flamenko ýaly dürli ugurlaryň täsirleri duýulýan Zamfireskularyň maşgala üçlügi diňe bir öz ilinde däl, eýsem beýleki ýurtlarda-da meşhurlyk gazandy. Gastrollary şowly geçýän artistler birnäçe gezek halkara bäsleşikleriniň diplomlaryna mynasyp boldular.

Konsert Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde Jorje Eneskunyň “№ 1 rumyn rapsodiýasy” bilen açyldy. Orkestriň ussatlyk bilen duýgylary nygtap ýerine ýetiren rumyn folklorynyň özboluşly heňleri garylan nusgawy özenli eseri tomaşaçylaryň şowhunly el çarpmalaryna mynasyp boldy.

Ine-de, sahna rumyniýaly tanymal artistler çykýar. Adrian Nuar tomaşaçylara ýüzlenip: “Biz rumyn bolsagam, sahnada dürli halkaryň çagalary, şonuň üçinem düýnä aýdymlaryny aýdýarys”- diýdi. Adrian öz ýurdunda tanymal aýdymçy we tansçy. Ol ilkinji gezek «Zamfirescu» üçlügi bilen 2013-nji ýylda çykyş etdi, sondan bärem olar bile konsert berýärler. Şeýdibem, ol sazandarlar maşgalasynyň dostuna öwrüldi, şondan bärem olar sahnada bile çykyş edip gelýärler.

Konsertde hyjuwly flamenko sazy, hemmeleriň halaýan belli sygan we Şarl Aznawuryň ýüreklere ýakyn aýdymlary ýaňlandy. Üç adamyň gitarada çalan sazy diňleýjileri haýran galdyrdy. Diňe çyn ussatlar şeýle degişme-çykyşa hötde gelip bilýärler!

Konsert Adrian Nuaryň türkmen aýdymçysy Bahar Durdyýewa bilen bilelikdäki çykyşy bilen tamamlandy. Olar kompozitor Çary Nurymowyň liriki aýdymyny aýtdylar. Saz ýörelgeleriniň sazlaşygynda döredilen eseriň tembrlere baý özeni diňleýjleri we myhmanlary jebisleşdirdi.