AŞGABAT WE BUDAPEŞT DÜRLI UGURLAR BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYKLARYNY IŞJEŇLEŞDIRMEGI GÖZ ÖŇÜNDE TUTÝARLAR

2019-njy ýylyň 20-nji maýynda Wengriýanyň Daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýarto Aşgabada iş sapary bilen geldi. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň wenger egindeşi bilen gepleşikleri geçirdi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Wengriýanyň abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki köpugurly we sebitleýin hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugurlary boýunça netijeli pikirler alyşyldy. 

Şu ýylyň ahyrynda Wengriýada ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini hem-de Türkmenistanyň işewürlik-forumynyň geçirilmeginiň zerurlygy nygtaldy. Taraplar şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw serişdelerini hem-de Owganystandaky ýagdaýlaryň kadalaşdyrylmagynyň meselelerine seredip geçdiler.

Gepleşikleriň ahyrynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Wengriýanyň Adam serişdeleri ministrliginiň arasynda sport babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi.