AŞGABATDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-BELORUS HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýalar ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-belorus Hökümetara toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.B.Çakyýew ýolbaşçylyk etdi. Belarusyň wekiliýetine Türkmenistana iş sapary bilen gelen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, toparyň belarus böleginiň başlygy I.W. Lýaşenko ýolbaşçylyk etdi.

Toparyň işine iki ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem işewürlik toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. 

Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Dostlukly ýurtlaryň ençeme ýyllaryň dowamynda dürli ugurlar boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenilip geçildi. Taraplar haryt dolanşygynyň göwrüminiň artdyrylmagynyň we gurluşyk, ulag ulgamlarynda we agrosenagat toplumynda bilelikdäki taslamalary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler. 

Şeýle-de saglygy goraýyş, bilim, medeniýet we sport ulgamlarynda gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmegiň meselelerine seredilip geçildi.

Toparyň mejlisiniň jemleri boýunça Teswirnama gol çekildi.