TÜRKMENISTANYŇ ILÇISINIŇ RAÝAT AWIASIÝASY HALKARA GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY

2019-njy ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň ABŞ-daky, şol bir wagtda Kanadadaky Ilçisi M.Orazow Kanadanyň Monreal şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda Ilçi Raýat awiasiýasy halkara guramasynyň Baş sekretary hanym Fan Lýu bilen bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda Ilçi Türkmenistanyň Raýat awiasiýasy halkara guramasynyň wajyp halkara protokollaryna goşulýandygyny tassyklaýan iki resminamanyň asyl nusgasyny gowşurdy. Şeýle-de taraplar bu Guramanyň Assambleýasynyň 2019-njy ýylyň 24-nji sentýabry – 4-nji oktýabry aralygynda Monrealda geçiriljek 40-njy sessiýasyna Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.