ÝEREWANDA MAGTYMGYLY PYRAGYNYŇ 295 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP YLMY MASLAHAT WE EDEBI OKAÝYŞLAR GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ýerewan döwlet uniwersiteti (ÝDU) bilen bilelikde bu ýokary okuw mekdebinde beýik türkmen şahyry, filosofy we akyldary Magtymgyly Pyragynyň 295 ýyllygyna bagyşlanyp «Magtymguly Pyragy dünýä medeniýetiniň taryhynda» atly ylmy maslahat we edebi okaýyşlar geçirildi.

Maslahatyň işine Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we diplomatik korpusyň wekilleri, Ermenistanyň Ylymlar akademiýasynyň gumanitar ugurlarda işleýýän institutlarynyň direktorlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ýurduň ylmy intelegensiýasynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

Ermeni şahyr-terjimeçisi Waružan Hastur özüniň beýik şahyryň eserlerini ermeni diline terjime etmekdäki tejribesi barada gürrüň berdi we Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden täze terjimelerini okap berdi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara türkmen bagşylar topary tarapyndan akyldar şahyryň goşgularyna döredilen aýdymlar ýerine ýetirildi.