TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE «ITOCHU CORPORATION» ÝAPON KOMPANIÝASYNYŇ BAŞTUTANY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin gelen «ITOCHU Corporation» ýapon kompaniýasynyň Dolandyryjy ýerine ýetiriji direktory, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň täze bellenen başlygy Hiroýuki Tsubai bilen duşuşyk geçirildi.  

Duşuşygyň başynda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşyp, taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, aýratyn hem söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp geçdiler. Ýapon tarapy soňky birnäçe ýyllaryň dowamyndaky ýokary derejedäki saparlaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm bölek bolup durýandygyny aýtdy.   

         Duşuşygyň barşynda, gazhimiýa senagatynda, medisina senagatynda, elektroenergetika ugurda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem giňeldilmegi üçin oňyn şertleriň bardygyna ünsi çekmek bilen, ýapon wekiliýeti Türkmenistanyň çäginde bilelikde durmuşa geçirilýän häzirki hem-de meýilleşdirilýän täze taslamalaryň amala aşyrylyş mümkinçiliklerine seredip geçmegi teklip etdi. Şeýle hem Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky («JBIC») bilen gatnaşyk etmek arkaly gaz ulgamynda bilelikdäki maýa goýumlaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.