TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ AGENTLIKLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanda akkreditirlenen Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri, BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky wekilleri, şeýle-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, Halkara migrasiýa guramasynyň, Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdüriýetiniň, Ilat gaznasynyň we Bütindünýä bank toparlarynyň Türkmenistandaky wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyk pikir alyş-çalşygy formatda we konstruktiw dialog ýagdaýda geçdi.

Duşuşygyň barşynda 2019-njy ýylyň birinji ýarym ýyllygynyň dowamynda bilelikdäki edilen işleriň netijeleri jemlendi, şeýle-de geljekki döwürde alnyp baryljak hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki meýilnamalaryň, maksatnamalaryň amala aşyrylyşy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýeti hakynda belläp, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa Türkmenistanyň hökümetine yzygiderli goldawy üçin minnetdarlyk sözlerini aýtdy.

Türkmenistan bilen BMG-niň edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň ähmiýetliligine laýyklykda dürli ugurlada hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň ýola goýulan mehanizmi hakynda aýdyp, taraplar amaly işiň esasy bolup durýan käbir resminamalary bellediler. Hususan-da, 2016–2020-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda ösüşiň hatyrasyna maksadynda Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasy, 2016–2020-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýurt maksatnamalarynyň hereketler meýilnamalary, Bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň ösüş Ylalaşygy, şeýle-de Türkmenistanyň Hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) arasynda 2016–2020-nji ýyllar üçin ýurt boýunça maksatnamasynyň Hereketler meýilnamasy, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasyndaky Hyzmatdaşlygyň 2016–2020-nji ýyllar üçin ýurt boýunça Maksatnamasynyň Hereketler Meýilnamasy.

Duşuşygyň ahyrynda Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy we olarda hereket etmegi utgaşdyrmakda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.