EKOLOGIÝA TAÝDAN ARASSA ÝANGYÇ TÜRKMENISTANDAN OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEK HÖKMÜNDE ÝETIRILDI

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp işe girizilen dünýäde ilkinji Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň önüminiň birinji tapgyrynyň Türkmenistandan Owganystana ynsanperwer kömek hökmünde demir ýol arkaly iberilen 60 tonnadan ybarat bolan ekologiýa taýdan arassa ýangyç 2019-njy ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistandan Owganystan Yslam Respublikasynyň «Akina» stansiýasyna geldi.

Bu ýerde ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberilen ýüki Akina şäherçesiniň häkimi Azimi Basir Ahmad, OYR-nyň Daşary işler ministrliginiň Akina şäherçesindäki wekili Gulam Resul Aýmak, Akina gümrüginiň ýolbaşçylary, nebit-gaz we demir ýol edaralarynyň wekilleri we beýleki resmi adamlaryň gatnaşmaklarynda gyzgyn we mähirli garşy aldylar.

Soňra Akina stansiýasynda ynsanperwerlik kömegini owgan tarapyna tabşyryş dabarasy boldy. Onda Owganystanyň resmi wekilleri we Akina şäherçesiniň häkimi çykyş edip, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň adyna alkyş sözlerini aýdyp, hemişe edýän ynsanperwerlik we doganlyk kömekleri üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdiler we döwlet bähbitli alyp barýan parasatly işlerinde üstünlikleri we janynyň sag bolmagyny dileg etdiler.

Şeýle-de, ynsanperwerlik kömegi barada halk köpçüligine giňden ýetirmek maksady bilen oňa Owganystanyň ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň «Aýna», «Batyr» we «Milli» teleýaýlymlarynyň we «Anadoli Ajancy» türk habarlar gullugynyň habarçylary işjeň gatnaşdylar.