TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN HYZMATDAŞLYGY ÇUŇLAŞDYRMAGYŇ DERWAÝYS MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDY

2019-njy ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Daşary işler ministri R.Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ž.Asanow bilen duşuşygy geçirildi. 

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylýandygyny belläp geçdiler we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky türkmen-gazak gatnaşyklarynyň derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar nobatdaky mejlisi şu ýylyň martynda geçirilen Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň işiniň netijeliligini belläp geçdiler. Has takygy, iki ýurduň arasynda haryt dolanşygynyň ösendigi nygtaldy, bu bolsa ykdysady gatnaşyklaryň ösüşine özüniň oňyn täsirini ýetirýändir. 

Diplomatik gatnaşyklar hakynda gürrüň etmek bilen, taraplar ýokary derejedäki saparlaryň guramaçylygynyň, şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeleri geçirmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.