TÜRKMENISTAN IMMUNIZASIÝA ULGAMYNDA ÝETEN ÝOKARY GÖRKEZIJILER ÜÇIN ÝUNISEF-IŇ ŞAHADATNAMASYNA MYNASYP BOLDY

Türkmenistanyň immunizasiýa ulgamynda gazanan üstünlikleri üçin ÝUNISEF tarapyndan ýokary baha eýe boldy.  2019-njy ýylyň 20-nji iýulynda, saglygy goraýyş boýunça geçirilen halkara maslahatynyň dowamynda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili hanym Kristin Weýgand Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Hökümet tarapyndan maliýeleşdirilýän Immunizasiýa boýunça milli maksatnama arkaly durmuşa geçirilýän immunizasiýa ulgamynda gazanylan ýokary görkezijiler üçin Şahadatnamasyny gowşurdy.      

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesowa Şahadatnamany gowşuran wagtynda  «Biz Türkmenistany bu ýeten belent sepgidi bilen gutlaýarys.  Biz Türkmenistanyň çagalarynyň sagdyn, oňyn we bol-elin şertlerde ýaşamagyna gönükdirilen uzakmöhletleýin we netijeli hyzmatdaşlygymyzyň dowam etdiriljekdigine ynanýarys» diýip nygtady.

«Immunizasiýa – bu ilatyň saglygyny goraýyş ulgamynda keselleriň öňüni almak üçin Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandyr.  Biz soňky ýyllarda ÝUNISEF we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly hem-de tälim geçen ýerli saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, maşgala lukmanlary we saglyk baradaky maglumatlary KHBS arkaly ýaýartmagyň netijesinde umumy habarlylygy ýokarlandyrdyk» - diýip N.Amannepesow nygtady. 

Türkmenistanyň Hökümeti 2001-nji ýyldan başlap sanjymlary, zerur bolan serişdeleri we enjamlary ÝUNISEF-iň üsti bilen öz serişdeleriniň hasabyna satyn alýar.  Şeýle hem, Hökümet sanjymlary geçirmek boýunça ýokary görkezijelere ýetmek üçin zerur bolan enjamlaryň we işgärleriň üpjünçiligini amala aşyrýar.  2016-2020-nji ýyllar aralygynda, Hökümet has köp ýaýran keselleriň öňüni almak üçin zerur bolan sanjymlar satyn almak maksady bilen 40 million ABŞ dollaryny sarp etdi. Ýaňy-ýakynda, Hökümet rotawirus, pnewmokkok keselleri we A gepatitine garşy  ýene-de üç sany sanjym üçin goşmaça 17 million ABŞ dollaryny sarp etdi.