TÜRKMENISTAN WE BAE ÖZARABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ UGRUNDA

2019-njy ýylyň 29-njy iýulynda Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary syýasy edaralarynyň arasynda nobatdaky syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew ýolbaşçylyk etdi. BAE-niň wekiliýetine Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň syýasy meseleler boýunça orunbasary Halifa Şahin Halifa Almarar ýolbaşçylyk etdi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik hyzmatdaşlygynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde ýokary derejeli saparlaryň guramaçylygynyň netijeli gural bolup durýandygy bellenilip geçildi.

Şeýle hem iki döwletiň arasyndaky parlamentara gatnaşyklarynyň möhüm ähmiýeti bellenildi. Bu ugurda taraplar degişli wekiliýetleri alyşmagyň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny belläp geçdiler. Diplomatlar şeýle hem ýurtlaryň halkara guramalarynyň, aýratyn hem BMG-niň çäklerindäki oňyn hyzmatdaşlygyny nygtadylar. Bu ýerde parahatçylyk söýüji başlangyçlaryň we «açyk gapylar» syýasaty arkaly sebitde parahatçylygy we durnuklylygy saklamak işinde Türkmenistanyň möhüm ähmiýeti bellenilip geçildi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda gürrüň etmek bilen taraplar energetika, senagat, ýokary tehnologiýalar, oba hojalygy ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Bu babatda Birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýeti nygtalyp geçildi, çünki ol gatnaşyjy taraplaryň döwletleriniň hem-de hususy pudaklarynyň arasyndaky gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmak we ony mundan beýläk hem giňeltmek üçin netijeli platforma bolup durýandyr.   

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar yzygiderli esasda geçirilýän duşuşyklaryň Türkmenistanyň we BAE-niň arasyndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ähli ugurlarda giňeldilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.