GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ WEKILLERI TÜRKMENISTAN BILEN HYZMATDAŞLYGA ÝOKARY BAHA BERÝÄRLER

2019-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň birinji orubasary  -  Ýerine ýetiriji sekretary W.A.Guminskiniň ýolbaşçylygyndaky GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Taraplar şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyklyk etmeginiň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň we çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň netijeliligini belläp geçdiler. GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri Türkmenistanyň sebitde durnuklylygyň saklanylmagyna, ykdysady ösüşe we integrasiýa gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berdiler we şu ýylyň awgust aýynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň munuň aýdyň mysal bolup hyzmat edýändigini nygtadylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar şu ýylyň 11-nji oktýabrynda geçiriljek GDA-nyň Döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine görülýän taýýarlyk bagly meseseleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem 13-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň nobatdaky mejlisine degişli tekliplere, şonuň ýaly-da 2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilen GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň guramaçylyk meselelerine seredilip geçildi.