KATAR DÖWLETINIŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK

2019-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Halifa Ahmad Al-Suwaýdi bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy diplomatyň işlän döwründe özarahereketleriň dürli ulgamlarynda türkmen-katar gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşan ähmiýetli goşandyna ýokary baha berdi.

Kataryň diplomaty öz nobatynda işlemek üçin döredip beren ähli mümkinçilikleri hem-de Ilçihananyň işine beren hemmetaraplaýyn hemaýatlary babatynda biziň ýurdumyzyň ýolbaşçylaryna çuňňur minnetdarlygyny bildirdi. Gepleşikleriň barşynda Ilçi bilelikde özleşdirmek üçin ähmiýetli mümkinçilikler bar bolan ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň we maýa goýum, energetika we ynsanperwerlik ulgamlarynda özarahereketleri giňeltmegiň zerurlygyny nygtady.          

Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Ilçä iki dostlukly ýurtlaryň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrundaky köpugurly işleri üçin minnetdarlyk bildirdi we onuň geljekki işlerinde täze rowaçlyklary arzuw etdi.