BMG-niň Baş Assambleýasynyň möhüm resminamalary kabul etmegi mynasybetli brifing

Şu gün Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş Assambleýasynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamasynyň kabul edilmegine, şeýle hem Hazar ykdysady forumynyň jemleýji Beýannamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmegine bagyşlanan brifing geçirildi.

Duşuşyga ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, BMG-niň degişli düzümleriniň, daşary döwletleriň we ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugrudyr, oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri onuň binýadyny düzýär.

Bu ugurda toplanylan baý tejribä daýanmak bilen, häzirki döwürde bu gatnaşyklar täze many-mazmuna eýe boldy. Bitarap Türkmenistan häzirki zamanyň möhüm meseleleri we wezipeleri boýunça deňeçer çözgütleri işläp taýýarlamakda başlangyçlary öňe sürmek bilen, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin BMG-niň strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýar.

Şunda ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagy üýtgewsiz möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy goldamagyna we makullamagyna eýe bolan oňyn başlangyçlary hem bu ugra gönükdirilendir. Muňa BMG-niň Baş Assambleýasynyň “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamany kabul etmegi hem nobatdaky gezek şaýatlyk edýär, bu resminamanyň kabul edilmegi üçin Milletler Bileleşigine agza döwletleriň ählisi ses berdi.

Türkmen Lideriniň öňe süren bu başlangyjynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi dartgynlylygy azaltmak, jedelleri we gapma-garşylyklary syýasy-diplomatik ýol bilen kadalaşdyrmak, ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň derejesiniň pese gaçmagyny ýeňip geçmek, Ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmak boýunça anyk çäreleri işläp taýýarlamak maksady bilen, halkara hyzmatdaşlyga täze itergi berer. Resminamada öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmegiň we hususan-da, köptaraplaýyn syýasy gepleşikleri geçirmek esasynda onuň ornuny we şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň ornuny pugtalandyrmagyň zerurdygy aýratyn nygtalýar.

Brifinge gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda eden çykyşy barada wideofilm görkezildi. Milli Liderimiz şol çykyşynyň dowamynda ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine we çuňlaşdyrylmagyna gönükdirilen ýurdumyzyň anyk başlangyçlaryny beýan etdi.

Milli Liderimiz ählumumy, berk hem-de uzak möhletleýin howpsuzlygyň üpjün edilmeginiň möhümdigi barada aýtmak bilen, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, parahatçylyk, syýasy gepleşikler ýörelgelerinde halkara tertibiň binýadyny saklamakda Birleşen Milletler Guramasyna esasy hem-de möhüm orun degişlidir diýip nygtady. BMG-niň şeýle belent wezipesi şübhesizdir. BMG halkara howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagy ugrunda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy üpjün etmäge ukyply ýeke-täk köptaraplaýyn halkara guramadyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra ýygnananlaryň öňünde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewa, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ý.Panowa, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy N.German, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy N.Drozd, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky hyzmatdaşlyk edarasynyň ýolbaşçysy L.Frebort, Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Halid Bin Faýsal Mustafa Al-Sehli we beýlekiler çykyş etdiler.

Bellenilişi ýaly, “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmegi dünýä jemgyýetçiliginiň durmuşynda möhüm waka boldy. Bu resminama Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň, dünýä liderleriniň parahatçylygy hem-de bu ýagdaýy kämilleşdirmegiň ýollaryny saklamaga we berkitmäge umumy garaýyşlaryny beýan edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebit, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde yzygiderli öňe sürýän häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça parahatçylyk söýüji başlangyçlary we teklipleri türkmen Liderine belent abraý getirdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan halkara giňişlikde parahatçylygy pugtalandyrmak, ýurtlaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary alyp barmak, ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny emele getirmek, deňhukukly, özara hormat goýmak we bähbitli hyzmatdaşlyk ruhuny berkitmek işinde saldamly goşant goşýan döwlet hökmünde ykrar edilýär.

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili Ýelena Panowa ýurdumyzy hem-de ýygnananlaryň ählisini şanly waka bilen gutlap, bu Kararnamanyň türkmen halky üçin ägirt uly taryhy, durmuş hem-de medeni ähmiýete eýe bolan ýurduň Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda kabul edilmeginiň buýsançly ýagdaýdygyny nygtady. Bu waka halkara derejede-de uly ähmiýete eýedir, sebäbi bu her ýylyň 21-nji sentýabrynda Dünýä Bileleşigi tarapyndan bellenilýän Halkara Parahatçylyk gününiň öň ýanynda bolup geçdi.

Häzirki çylşyrymly şertlerde Türkmenistan ynsanperwer-syýasy başlangyçlary ynamly öňe sürýär, bu başlangyçlar Ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmak, daşky gurşawy goramak, ykdysady, energetika, azyk howpsuzlygyny hem-de ählumumy wehimlere garşy netijeli göreşi üpjün etmek bilen baglylykda, halkara derejede hem taryhy ähmiýete eýedir diýip, hanym Panowa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşyndan sözleri getirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan dünýä syýasatyna doly hukukly gatnaşyjy döwlet hökmünde sebit we ählumumy derejede durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň üpjün edilmegine uly goşant goşýar, ýaragsyzlanmak meseleleri boýunça, terrorçylyga, neşe söwdasyna, häzirki döwrüň beýleki wehimlerine hem-de howplaryna garşy göreşde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş meseleleri, şeýle hem halkara meseleleri kadalaşdyrmakda bitaraplyk ýörelgelerini netijeli peýdalanmak boýunça BMG-niň Kadalar toplumyny işläp taýýarlamak barada halkara maslahaty geçirmek baradaky täze başlangyjyny doly goldaýar.

BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germanyň belleýşi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly möhüm Kararnamany öz wagtynda kabul etmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda öňe süren başlangyjynyň anyk goldawa eýe bolýandygynyň subutnamasy boldy. Bu başlangyç BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň dünýäniň häzirki wagtda “ynanyşmagyň ýetmezçilik keseliniň” ýiti görnüşinden ejir çekýändigi barada birnäçe gezek gaýtalap aýdan sözleri bilen sazlaşýar.

Bu Kararnama Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini hem-de döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan daşary syýasaty, öňe sürýän parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de sebit we ählumumy derejede durnukly ösüşi pugtalandyrmak boýunça syýasatyny ykrar edýändiginiň beýany bolup durýar.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Aşgabatda ýerleşýän sebit merkezi bu ulgamda uly mümkinçiliklere eýedir. Bu merkeziň işi köp ugurlar boýunça alnyp barylýar, emma dartgynlylygy gowşatmak, gepleşikler arkaly jedelli meseleleriň we gapma-garşylyklaryň parahatçylykly çözülmegine gönükdirilen tagallalar, oýlanyşykly, jogapkärli hem-de ylalaşykly çözgütleriň kabul edilmegi onuň işiniň özenini düzýär.

N.German pursatdan peýdalanyp, türkmen tarapyna bu Sebit merkezine yzygiderli goldaw berýändigi, bilelikdäki işlere işjeň gatnaşýandygy üçin hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işleri bu gymmatly tejribäni ýaýratmak hem-de BMG-de geçirilýän özgertmeler bilen baglylykda, BMG-niň agza döwletleriniň uly gyzyklanmasyna eýe bolýar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak we suw serişdeleri rejeli peýdalanmak bilen bagly meseleler Türkmenistanyň ileri tutulýan syýasatynda möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hem-de Aral meselesini Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek baradaky başlangyjynyň möhümdigi aýratyn nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, suw-energetika serişdelerini netijeli dolandyrmak hem-de tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak meseleleriniň howanyň üýtgemegine ýetirýän täsirleri, suw serişdeleriniň esasy çeşmesi hökmünde buzluk gatlaklaryň eremegi, şeýle hem Aral deňziniň guramagy ýaly meseleler bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlary üçin aýratyn ähmiýete eýedir.

Türkmen Lideriniň “suw diplomatiýasy” boýunça başlangyjy deňhukukly, özara bähbitli hem-de adalatly suw-energetika we tebigy serişdelerden peýdalanmak boýunça gatnaşyklarda tagallalary birleşdirmek üçin köptaraplaýyn diplomatik gepleşikleriň täze görnüşine öwrülmegi babatynda uly geljege eýe bolup biler diýip, Natalýa German sebit merkeziniň öz tarapyndan bu ulgamda sebitde ylalaşygy hem-de oňyn özara bähbitli gatnaşyklary öňe sürmäge hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigine ynandyrdy.

Häzirki zaman şertlerinde durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça wezipeleri çözmekde möhüm orna eýe bolan ulag-kommunikasiýa ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bitarap Türkmenistan taryhy taýdan Ýewraziýa yklymynyň sebitara ugurlarynyň çatrygynda, häzirki döwürde gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşmek bilen multimodal üstaşyr-ulag we logistika düzümlerini kemala getirmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürmek arkaly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde bu ulgamda iri taslamalary üstünlikli amala aşyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden degişli Kararnamalary, şeýle hem 2016-njy ýylyň ahyrynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen BMG-niň durnukly ulag boýunça birinji Ählumumy maslahatynyň jemleri bu ulgamda halkara hyzmatdaşlyga täze itergi berdi.

Biz Merkezi Aziýa we Hazar sebiti ýurtlarynyň durnukly ösüş, ykdysady we durmuş ösüşini höweslendirmek maksady bilen, bu ugurda tagallalarynyň giňeldilmegini goldaýarys diýip, N.German aýtdy.

Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany 2020-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 75 ýyllygynyň hem-de Milletler Ligasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygynyň belleniljekdigini aýtdy. BMG bu şanly seneleri bütin dünýä boýunça, ilki bilen bolsa, ýaş nesliň üsti bilen gepleşikleri geçirmek arkaly ählumumy hyzmatdaşlygy täzelemegiň ýollaryny gözlemek üçin ýene bir esas hökmünde peýdalanmagy maksat edinýär. Şeýlelikde, Milletler Bileleşiginiň Baş Assambleýasynyň geljekki sessiýasy ýaşlaryň “baýdagy astynda” we “Biz üçin BMG zerurdyr we biziň arzuwlaýan geljegimiz” diýen şygar bilen geçer diýip, N.German aýtdy.

Aşgabatdaky sebit merkezi bu çagyryşa eýerip, şu ýyl öz maksatnamasyna, alyp barýan işine düýpgöter täzeçe ugry — “Öňüni alyş akademiýasy” atly ýaşlar taslamasyny girizdi.

Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany Baş Assambleýanyň öňde boljak sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutulýan syýasatynyň BMG-niň ýolbaşçylygynyň täze wehimler hem-de olary ýeňip geçmek boýunça Dünýä Bileleşiginiň öňünde durýan wezipeler bilen baglylykda, bu Guramany özgertmek we onuň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça meýilnamalary bilen gabat gelýändigini ýene-de bir gezek belledi. Öz nobatynda ilçi, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany Natalýa Drozd hem türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky Kararnamany öňe sürmek bilen, ýurduň bitaraplyk derejesini parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen ählumumy tagallalara ýardam bermek maksady bilen peýdalanmak baradaky öz üstüne alan borçnamasyna ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklandygyny nygtady.

1995-nji ýylda bitaraplyk derejesine eýe bolan Türkmenistan parahatçylygyň we syýasy gepleşikleriň ileri tutulmagyna esaslanýan bu belent derejäniň netijeliligini hem-de döwletleriň arasynda ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, sebit howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini çözmekde möhüm ornuny iş ýüzünde birnäçe gezek subut etdi. Şonuň netijesinde biziň ýurdumyz parahatçylykly hyzmatdaşlygy ösdürmek we halkara tejribede dawalary we jedelli meseleleri kadalaşdyrmagyň syýasy-diplomatik ýollaryny işjeň peýdalanmakda uly mümkinçiliklere eýedir.

Kabul edilen Kararnama Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwletleriň arasynda deňhukukly syýasy gepleşikler, özara düşünişmek hem-de hyzmatdaşlyk esasynda gatnaşyklarda parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça halkara bileleşigi netijeli çäreleri kabul etmäge çekmek üçin täze mümkinçilikleri döreder. Munuň özi diňe bir durnukly ösüşi we howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam bermek bilen çäklenmän, berk parahatçylygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolan adam hukuklarynyň berjaý edilmegini üpjün etmäge ýardam eder.

ÝHHG-niň merkeziniň baştutany Kararnamada halkara, sebit we sebitara guramalaryň parahatçylygy gorap saklamakda möhüm ornunyň pugtalanýandygyny hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek we howpsuzlygy üpjün etmek üçin parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň möhüm ähmiýeti barada bilim we maglumat-düşündiriş işlerini amala aşyrmak üçin tagallalary birleşdirmäge çagyrylýandygyny belledi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy parahatçylygy hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmakda, döwletleriň arasyndaky ähli jedelli meseleleri parahatçylyk we howpsuzlyk üçin deň jogapkärçilik ýörelgeleri esasynda gepleşikler arkaly kadalaşdyrmakda hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistanyň eýeleýän ornuna ýokary baha berýär diýip, Natalýa Drozd nygtady.

Mälim bolşy ýaly, ÝHHG howpsuzlyk, parahatçylyk, demokratiýa, adam hukuklary boýunça syýasy gepleşikleri geçirmek üçin dünýäde iri sebit forumydyr hem-de adamlaryň we olaryň bileleşikleriniň durmuşyny gowulandyrmak ugrunda bilelikde iş alyp barmagyň meýdançasydyr.

ÝHHG harby-syýasy, ykdysady, ekologiýa we adam ölçegini hem-de geňeşmeler esasynda çözgütleri kabul etmegi öz içine alýan howpsuzlyk meselelerine ählumumy çemeleşýär. Munuň özi döwletleriň haýsy-da bolsa birini tapawutlandyrmakdan daşda durmagy, gapma-garşylyklaryň öňüni almakda hyzmatdaşlyk etmek ýoly bilen döwletleriň arasynda ynanyşmagyň kemala gelmegine, çökgünlikleri we çökgünlikden soňky dikeldiş işlerini kadalaşdyrmaga netijeli ýardam edýär.

Şu ýyl 20 ýyllygyny bellän Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkezi türkmen tarapy bilen oňyn hyzmatdaşlygy ýola goýdy diýip, abraýly guramanyň wekili aýtdy.

Soňky birnäçe ýylyň içinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkezi Türkmenistanyň hökümeti bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda howpsuzlygyň möhüm meseleleri boýunça birnäçe çäreleri gurady. Olara ekstremizme, interneti terrorçylykly maksatlar üçin ulanmaga garşy durmak, howpsuzlygy üpjün etmekde we ösüş meselesinde zenanlaryň orny ýaly meseleler degişlidir.

Şu ýylyň aprelinde Aşgabatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň terrorçylygy we guramaçylykly jenaýatçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreş boýunça ýokary derejeli maslahaty guraldy. Şular ýaly çäreleriň geçirilmegi häzirki zaman ösüşiniň şeýle möhüm meseleleri boýunça ÝHHG bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanmanyň bardygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip, N.Drozd aýtdy.

ÝHHG-niň merkeziniň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we ähli türkmenistanlylary BMG-niň Baş Assambleýasynyň biragyzdan kabul eden Kararnamasy esasynda 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi bilen gutlap, bu resminamanyň Milletler Bileleşiginiň parahatçylygy üpjün etmekde syýasy-diplomatik usullary işläp taýýarlamaga gönükdirilen tagallalaryna täze itergi berjekdigine hem-de Dünýä Bileleşiginiň agzalarynyň arasynda ynanyşmak köprüsiniň, agzybirlik we hyzmatdaşlyk ruhunyň pugtalanmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky hyzmatdaşlyk edarasynyň ýolbaşçysy Lýubomir Frebort öz çykyşynda BMG-niň kabul eden Kararnamasynyň Türkmenistanyň bitarap, parahatçylyk söýüji daşary syýasy ugrunyň ählumumy ykrar edilýändigine güwä geçýändigini hem-de döwletara gatnaşyklaryň esaslary hökmünde halkara durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine oňyn, deňeçer çemeleşmeleriniň ölçeglerine laýyk gelýändigini nygtady.

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmak, ýaragsyzlanmak we ýaraglaryň gorlaryny azaltmak boýunça sebit işlerine ýardam bermek, halkara terrorçylyga, ekstremizme, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy barlyşyksyz göreş ýaly örän möhüm meselelerde BMG bilen hyzmatdaşlygy giňeldýändigini goldaýar diýip, ÝB-niň wekili aýtdy.

Şeýle hem parahatçylygy, durnuklylygy we ynanyşmagy goldamak Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň hem-de howpsuzlyk boýunça syýasatynyň Ählumumy strategiýasynyň özenini düzýär. Häzirki wagtda Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýada terrorçylyga we ekstremizme garşy durmaga gönükdirilen iki täze sebit maksatnamasynyň üstünde işleýär.

Ýewropa Bileleşiginiň birnäçe aý mundan ozal Merkezi Aziýa üçin kabul eden täze strategiýasy hem umumy wezipeleriň oňyn çözülmegine ýardam eder. Bu strategiýa esasy üç ugry — durnukly ösüş babatynda syýasy gepleşikleri işjeňleşdirmek, daşarky wehimlere hem-de häzirki döwrüň howplaryna garşy durmak, ykdysady taýdan döwrebaplaşdyrylmagy goldamak ugurlaryny öz içine alýar.

Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly ilçisi Halid Bin Faýsal Mustafa Al-Sehli hem türkmen Lideriniň başlangyjy esasynda BMG-niň kabul eden “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamasynyň möhümdigini belledi.

Bu Kararnama hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan oýlanyşykly daşary syýasaty alyp barmagy netijesinde dünýäde uly abraýa eýe bolan Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji orny eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, diplomat aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlarynyň işlenip taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşdy hem-de Durnukly Ösüş Maksatlarynyň 17-sini hem resmi kabul eden we milli maksatnamalaryna hem-de ösüş strategiýalaryna girizen ilkinji döwletleriň biri boldy.

Saud Arabystany Patyşalygy bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar özara hormat goýmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar, biziň ýurtlarymyz Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde özara ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýärler diýip, ilçi nygtady.

Saud Arabystany Patyşalygy Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bitarap Türkmenistany okgunly ösüşe eýe eden we halkara abraýyny belende göteren netijeli syýasatyna ýokary baha berýär we goldaýar diýip, jenap Al-Sehli aýtdy hem-de ýurduň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli milli Liderimize we tutuş türkmen halkyna mundan beýläk-de rowaçlyk hem-de gülläp ösüş baradaky iň oňat arzuwlaryny beýan etdi.

BMG-niň resmi dillerinde Hazar ykdysady forumynyň Jemleýji Beýannamasynyň kabul edilmegi hem teswirnamalar üçin aýratyn giň mesele boldy. Çykyş edenler şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bu forumyň geçirilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň halkara we sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ornunyň aýdyň subutnamasy boldy, diýip nygtadylar.

Bu möhüm çäräniň jemleri Türkmenistanyň Prezidentiniň Hazar sebitini ösdürmek we geosyýasy taýdan möhüm ähmiýetli bu sebitde giň gerimli dürli taslamalary, şol sanda nebitgaz, elektrik energetikasy, ulag, söwda, obasenagat, syýahatçylyk we beýleki pudaklarda başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça köptaraply gepleşikler üçin hemişelik hereket edýän meýdança hökmünde Hazar ykdysady forumyny döretmek baradaky başlangyjynyň öz wagtynda öňe sürlendigini tassyklady.

Hazarýaka döwletleriň hem-de köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar bilen birleşen olaryň halklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we utgaşdyrmaga ýardam etmek bu ugurdaky ýene bir möhüm ädim boldy.

Çykyş edenleriň jemleri boýunça ýygnananlar biragyzdan Türkmenistanyň döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ählumumy meseleleriň deňeçer çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orun eýelemek bilen, bu ugurda anyk çäreleri geçirýändigi, öz parahatçylyk dörediji mümkinçiliklerini tutuş adamzadyň hyzmatyna gönükdirýändigi, BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge hemmetaraplaýyn ýardam berýändigi baradaky netijä geldiler.