TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYK BAÝRAMÇYLYGY BAE-DE HEM BELLENILDI

2019-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli, Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýän we dünýäde iň beýik bina bolan Burj-Halife binasynyň ýüzünde türkmen baýdagynyň şekili janlandyryldy. Bu waka türkmen halky üçin özboluşly baýramçylyk sowgady boldy.

Mälim bolşy ýaly, BAE bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça ösdürilýär. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejede geçirilýän ikitaraplaýyn  duşuşyklarynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek boýunça degişli çözgütler kabul edilýär. Şeýlelikde, dost-doganlyk, birek-birege ynanyşmak, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilýändigini her ädimde görmek bolýar.

Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň şekiliniň bu binanyň ýüzünde janlandyrylmagy Birleşen Arap Emirliklerinde biziň ýurdumyza we Hormatly Prezidentimize bildirilýän belent sarpanyň ýene bir subutnamasyna öwrüldi. Bu waka BAE-de Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerini ykrar edýän we ýurdumyzyň milli Garaşsyzlyk toýuny mübärekleýän waka hökmünde taryha girdi.