TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-GYRGYZ IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ç.Aýdarbekow bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça türkmen-gyrgyz özarahereketleriniň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar sebit hem-de halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň, ÝHHG-niň we GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Diplomatlar şeýle hem taraplaryň abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlarynyň özara goldanylmagynyň meselelerine hem degip geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar bilim, sport we syýahatçylyk ulgamlaryndaky özarahereketleri giňeltmegiň meseleleri boýunça hem pikirleri alyşdylar.