TÜRKMEN-EÝRAN IŞEWÜRLER MASLAHATY IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARY GIŇELTMEK MESELELERINE SEREDÝÄR

2019-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda paýtagtymyzyň “Arçabil” myhmanhanasynda türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Eýran Yslam Respublikasynyň döwlet edaralarynyň we işewürler toparlarynyň wekillerinden ybarat wekiliýet Aşgabada geldi.

Işewürler maslahatyna eýran wekiliýetiniň düzüminde birnäçe döwlet edaralarynyň we guramalaryň wekilleri, şeýle-de söwda, derman senagaty, oba hojalyk we suw serişdeleri, inženerçilik hyzmatlary, energetika, ulag, logistika, syýahatçylyk, nebit-gaz senagaty, dokma senagaty, gurluşyk materiallary we gurluşyk pudaklarynda işleýän 30 kompaniýanyň wekilleri geldiler.

Türkmen tarapyndan bu maslahata ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaçylarydyr hünärmenleri, eksporta niýetlenen önümleri öndürýän kärhanalaryň we kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar. 

Gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň ykdysady mümkinçiliklerini görkezmek, ykdysadyýetiň döwlete degişli däl sektorynyň wekilleriniň arasynda özarabähbitli uzakmöhletleýin gatnaşyklary ýola goýmak hem-de berkitmek bu forumyň baş maksady boldy.

Eýranyň işewürler toparlarynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet strategiýasynyň wajyp ugry bolup çykyş edýän türkmen ykdysadyýetiniň hususy sektory bilen öndürijilikli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn gyzyklanma bildirdiler. 

Mundan başga-da, forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda iki döwletiň wekilleri özarabähbitli hyzmatdaşlygyň ugurlary we geljegi barada pikir alyşdylar. Duşuşyklaryň barşynda täze gatnaşyklar ýola goýuldy hem-de geljekki gatnaşyklaryň meýilnamalary takyklanyldy.