BOSNIÝA WE GERSEGOWINANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI ÖZ YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2019-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde öz ynanç hatlaryny gowşurmak üçin Aşgabada gelen, Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tähran ş.) jenap Samir Weladjiç bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda taraplar özarabähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydygyny bellediler. Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesini ara alyp maslahatlaşmak bilen, ýurtlaryň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek mümkinçiligini nygtadylar. Mundan başga-da, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň üstünde durlup geçildi. Bu ugurda taraplar BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ösdürmek babatyndaky meselelere seretdiler.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary barada aýdylanda, gepleşikleriň dowamynda taraplar işewürler wekiliýetlerini alyşmagyň mümkinçiligine seretdiler. Şeýle-de medeni-ynsanperwer ulgamynda gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşygyň barşynda Bosniýa we Gersegowinanyň Ilçisi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Türkmen tarapy Ilçini bu jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we üstünlikleri arzuw etdi.