TÜRKMENISTANYŇ ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY WEKILÝETI RAÝATSYZLYK BOÝUNÇA SEMINARDA BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI

2019-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirligi tarapyndan guralan raýatsyzlyk babatda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak boýunça okuw maslahatynda Türkmenistanyň wekiliýeti beýannama bilen çykyş etdi.

Beýannamada, 2019-njy ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti 863 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana gol çekmegi netijesinde 26-njy sentýabrda ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynyň binasynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy bolup geçendigi bellenilýär. Pasportlar 14 milletiň wekillerine gowşurylyp, olaryň ýarsyndan gowragy aýal-gyzlar bolup durýar. Dabara ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularynyň, şeýle-de milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşandygy nygtalýar.

Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik we ýagşylyk etmek ýörelgelerinden ugur alyp, türkmen döwletiniň ählumumy abadançylyga gönükdirilen parahatçylyk we döredijilik kuwwatyny durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, adamzat bähbitli we durmuş meselelerine aýratyn üns berip, giň gerimli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny amala aşyrýar.

Halkara ynsanperwer guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, biziň döwletimiz halkara bileleşiginiň tagallalaryna öz oňyn goşandyny goşup, migrantlar, bosgunlar we raýatsyz adamlara kömek etmek we hukuklaryny goramak boýunça maksadalaýyk işleri we netijeli hereketleri durmuşa geçirýär.