Aşgabatda IV Wena baly geçirildi

Şu gün türkmen paýtagtynda IV Wena baly geçirildi. Bu köp öwüşginli çäre ýurdumyzyň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýyp, iki şäheriň — Aşgabadyň we Wenanyň arasyndaky dostluk köprüsine öwrüldi.

Bu çäräniň geçirilmegi Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň döwletleriniň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň giňelýändiginiň, netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Ynsanperwer ulgamda gatnaşyklar şol hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylda Awstriýa Respublikasyna bolan resmi saparynyň Türkmenistanyň hem-de Awstriýanyň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň döredijilik hyzmatdaşlygynyň başyny başlandygyny ýatlatmalydyrys.

Şonda wekiliýetimiziň düzümine giren meşhur halk we estrada aýdymçylary, sazandalar hem-de tansçylar Wenanyň Ferstel köşgünde uly konsert bilen çykyş edip, tutuş Ýewropada ykrar edilen saz paýtagtynda milli aýdym-saz medeniýetini görkezdiler.

Iki ýurduň arasyndaky dostluk köprüsine öwrülen Awstriýa-Türkmen jemgyýeti Günbatar Ýewropany häzirki Türkmenistan, onuň gadymy taryhy we özboluşly däpleri bilen tanyşdyrýar.

Geçen ýyllaryň dowamynda bu jemgyýetiň gatnaşmagynda medeniýet ulgamynda, maglumat alyşmak babatda bilelikdäki taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirildi, «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestri döredildi. Şu ýyl onuň döredilenine 10 ýyl doldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeni syýasaty bu ulgamda milli mirasymyzy giňden ýaýmaga hem-de halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir.

Dostlukly halklaryň ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmak babatda geçirilen çäreleriň hatarynda Wenada we Aşgabatda geçirilen Medeniýet günleri, dürli tanyşdyryş çäreleri, türkmen sungat ussatlarynyň we awstriýaly artistleriň çykyşlaryny görkezmek bolar.

Iki halkyň medeniýetlerini we dostluk hem-de ynanyşmak gatnaşyklaryny ösdürmäge, iki ýurduň giň gerimli hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga ýardam edýän möhüm wakalaryň hatarynda Wena baly hem bar. Bu çäre indi dördünji gezek türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylarynda we myhmanlarynda ýakymly täsirleri galdyrýar.

Däbe görä, Wena baly Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň meýdançasynda geçirilýär. Bu ýerde dünýäniň dürli ýurtlarynyň sungat wekilleriniň gatnaşmagynda uly dabaralaryň ençemesi guraldy.

Meýdançanyň ugrunda ýerleşen Mukamlar köşgüniň, kitaphananyň we muzeýiň binalary, güýz gülleriniň köpöwüşginliligi, suw çüwdürimleri, Köpetdagyň ajaýyp keşbi, ak mermerli paýtagtymyzyň agşamky yşyklary hem-de Garaşsyzlyk binasy Wena baly ýaly şeýle ajaýyp dabara üçin täsin «bezeg» bolup hyzmat edýär.

Şu waka mynasybetli Mukamlar köşgüniň eýwanynda türkmen halyçylarynyň we zergärleriniň, amaly-haşam sungatynyň dürli ugurlarynyň ussatlarynyň egsilmez zehini barada gürrüň berýän sergi guraldy.

Indi şol eserleriň çeperçilik gymmatlygyna, täsin bezegine we hiline Wena şäheriniň ýaşaýjylary hem baha berip bilýärler. 2017-nji ýylyň iýunyndan bäri şol ýerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilhanasy hereket edýär.

Wena baly Awstriýanyň paýtagtynyň özboluşly nyşanydyr. Şol ýerde her ýyl 450-den gowrak bal geçirilýär. Özüniň 200 ýyllyk taryhynyň dowamynda bu saz we wals baýramçylygy meşhurlygyny saklap galmak bilen çäklenmän, gaýtam, iň wajyp hem-de ähmiýetli çäreleriň birine öwrüldi. Şondan görelde alnyp, dünýäniň köp şäherlerinde şeýle çäreler geçirilýär. Şolaryň hatarynda Aşgabat hem bar.

... Şu günki çykyşlar «Siz Watana belent ykbal, Arkadag!» atly watançylyk aýdymy bilen açyldy.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde awstriýaly kompozitor we dirižýor Karl Mihael Sireriň «Polonez» sazy ýaňlandy. Berk berjaý edilýän teswirnama boýunça Wena balynyň resmi taýdan açylyş dabarasy 25 sany tansçy jübütleriň sahna çykmagy bilen açylýar.

Oňa gatnaşyjylaryň lybaslary — erkek adamlaryň däbe öwrülen gara-ak reňkli fraklary bala geýilýän köýnekler bilen utgaşyp, waka mahsus bolan aýratyn dabaralylyk ýagdaýyny aňladýar, gülleriň ajaýyp çemeni olaryň hökmany bölegi bolup durýar.

Agşamyň dowamynda Döwlet medeniýet merkeziniň meýdançasynda ýygnanan köp sanly tomaşaçylar Iogann Ştrausyň, Weli Muhadowyň, Aman Agajykowyň, Daňatar Hydyrowyň, Daňatar Öwezowyň, Çary Nurymowyň we beýleki kompozitorlaryň ajaýyp sazlaryndan, şeýle hem iň gowy türkmen aýdymçylarynyň we awstriýaly opera aýdymçylarynyň seslerinden lezzet aldylar.

«Ýyldyz» aýdymçylar Andreas Ýankowiç we Neiwi Martines saz baýramçylygynyň şatlygyny türkmenistanlylar bilen paýlaşmak üçin Aşgabada geldiler.

Bala çagyrylan myhmanlaryň hatarynda tansçylar jübüdi — Slowakiýa Respublikasynyň Milli teatryndan Marek Bobosik we Marta Nitranowa hem bar, olar Iogann Ştraus adyndaky Wena aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirijileri bolup durýar.

Şeýle hem dabara Döwlet tans topary hem-de «Serpaý», «Galkynyş», «Laçyn» meşhur toparlary, şol sanda «Ruhubelent çagalar», «Joşgun» çagalar tans toparlary, «Mukam» ýaş skripkaçylar topary we beýlekiler gatnaşdylar.

Ähli watandaşlarymyzyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildiren türkmen artistleriniň joşgunly ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Arkadag» atly aýdym dabarany jemledi.

Hut milli Liderimiziň hemmetaraplaýyn goldaw bermegi we başlangyjy netijesinde simfoniki saz we opera sungaty ýurdumyzda täze öwüşgine eýe bolup, halkara medeni gatnaşyklary işjeň ösdürilýär. Netijede, Wena baly ýaly ajaýyp taslamalar peýda bolýar.

Dabaranyň dowamynda Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň başlygy Nede Bergere söz berildi, ol ýygnananlary bu möhüm waka bilen gutlady hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Wena balyna berýän goldawy hem-de howandarlygy üçin hoşallyk sözlerini aýtdy.

Aşgabatda geçirilen nobatdaky Wena baly oňa gatnaşyjylar üçin ýatdan çykmajak waka öwrülip, medeniýetiň we sungatyň çäkleri we aralyklary geçmäge kömek edip, dünýäniň dürli halklaryny parahatçylyga, sazlaşyga we gözellige, ýagşylyga we rowaçlyga tarap ymtylmagynda olary birleşdirýändigi baradaky hakykaty inkär edip bolmaýandygyny nobatdaky gezek tassyklady.