AŞGABATDA “SPEKA GÜNLERI” BAŞLANDY

2019-njy ýylyň 18-nji noýarbynda Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Maksatnamasyna (SPEKA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýokary derejeli çäreler başlandy.

“SPEKA günleriniň” açylyşy SPEKA-nyň durnukly ulag, üstaşyr we birleşme boýunça Iş toparynyň mejlisi hem-de söwda syýasaty boýunça ýokary derejeli “tegelek stoly” bilen başlandy. Agzalan çärelere SPEKA-nyň gatnaşyjy-ýurtlarynyň, ýagny, Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

SPEKA-nyň durnukly ulag, üstaşyr we birleşme boýunça Iş toparynyň mejlisiniň dowamynda gatnaşyjylar gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylyşyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de sebitde we sebitden daşary            ulag-üstaşyr ulgamlary kämilleşdirmek mümkinçiligine seredildi.  

Söwda syýasaty boýunça ýokary derejeli “tegelek stola” gatnaşyjylar SPEKA ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň aýratynlyklary barada pikir alyşdylar hem-de söwda işini girizmek, şol sanda maýa goýum işlerini ýeňilleşdirmek boýunça teklipleri berdiler.   

Aşgabatdaky “SPEKA günleri” noýabr aýynyň 21-ine çenli dowam eder.