TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-NORWEGIÝA GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERINE SEREDILDI

2019-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Norwegiýa Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Ýörite wekili Eýwind Nordsletten bilen duşuşyk geçirildi.

Gyzgyn garşylamalar bilen başlanan duşuşykda taraplar türkmen-norwegiýa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary derejeli syýasy-diplomatik gepleşikleriň işjeňleşdirilmeginiň şeýle-de ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň wajypdygy bellenildi. Mundan başga-da, şu ýylda Oslo şäherinde iki ýurduň daşary syýasat edralarynyň arasyndaky birinji syýasy geňeşmeleriň üstünlikli geçirilendigi nygtaldy.

Taraplar sebit we dünýä gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça garaýyşlaryň meňzeşligi barada nygtadylar. Bu ugurda, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara başlangyçlaryny özara goldaýandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, taraplar dünýäde durnukly ösüşi we howpsuzlygy gazanmakda netijeli ulgam bolup durýan bu ugurda işleri alyp barmaklygy ylalaşdylar.