TÜRKMENISTAN WE ÝB ÖZARABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMÄGE YGRARLYLYGYNY TASSYKLADYLAR

2019-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Piter Burian iki günlik iş sapary bilen Aşgabat şäherine geldi.

Şol gün P.Burianyň Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda ÝB-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň geosyýasy nukdaýnazaryndan ähmiýeti bellenildi. Taraplar “açyk gapylar” syýasatynyň çäklerinde, Türkmenistanyň ÝB-niň ähli ýurtlary bilen dostlukly hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigini nygtadylar.

Taraplar ykdysady we ynsanperwer ulgamlaryndaky, şol sanda hem Türkmenistan bilen ÝB-niň işewürler toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň etdiler. Türkmenistanda maýa goýumlary üçin amatly şertleriň bardygyny tassyklap, taraplar ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna degişli bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň ähmiýetini bellediler. Şeýle hem oba hojalyk, ýokary tehnologiýalar, ekologiýa goragy we gaýtadan ulanylýan energiýa çeşmeleri boýunça bilermenleriň alyşylmagynyň zerurlygy nygtaldy.

Konstruktiw gepleşikleriň netijesinde taraplar Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň geljekki ösüşine ynam bildirdiler.

Şeýle hem P.Burianyň Türkmenistanyň Daşary işler ministiriniň orunbasary W.Hajiýew bilen duşuşygy boldy. Türkmenistan bilen ÝB-niň özara hyzmatdaşlygynyň ýokary derejeliligini belläp, taraplar syýasy-diplomatik gepleşikler, söwda-ykdysady aragatnaşyklar hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklara degişli meseleleri giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýokary derejeli saparlaryň ähmiýetini nygtap, taraplar «ÝB-Türkmenistan» Bilelikdäki komitetiniň duşuşyklarynyň, adam hukuklary baradaky gepleşigiň hem-de parlamentara hyzmatdaşlygynyň netijeliligini bellediler. Aýratyn hem sebitde ykdysady ösüşe, durnuklylyga we howpsuzlyga goldaw bermäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň köptaraply esasda alnyp barylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunlukda, P.Burianyň özüniň hem gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Maksatnamasynynyň – SPEKA günleriniň ähmiýetini nygtady.

Diplomatlar energetika, ulag-üstaşyr ulgamyny özgertmek, saglygy goraýyş, ekologiýa we bilim pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Ýewropa Kommisiýasynyň goldawynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalaryň we maksatnamalaryň netijeliligi barada hem bellenip geçildi.