WAŞINGTONDA TÜRKMEN-AMERIKAN HYZMATDAŞLAGYNYŇ SYÝASY WE YKDYSADY UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 21-nji noýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Waşingtona bolan saparynyň çäklerinde, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň ykdysady ösüş, energetika we daşky gurşaw boýunça orunbasary Kit Kraç bilen duşuşyk geçirildi.

Taraplar söwda-ykdysady we ulag-üstaşyr ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, şol sanda, nebit-gaz, sanly tehnologiýalar we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Soňra ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Deýwid Heýl bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy diplomatik gepleşikleriň derejesini ara alyp maslahatlaşdylar we halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygy seljerip geçdiler. Diplomatlar Merkezi Aziýanyň sebit howpsuzlygy barada pikir alyşdylar hem-de öňüni alyş diplomatiýany peýdalanmagyň ähmiýeti we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek barada nygtadylar.