MINSK ŞÄHERINDE TÜRKMENISTAN BILEN BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 22-nji noýabrynda Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary, belarus tarapyna Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary A.Ýewdoçenko ýolbaşçylyk etdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berip, iki ýurduň arasyndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijelerine seredip geçdiler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini belläp, taraplar iki ýurduň abraýly halkara guramalaryň, şol sanda, BMG, GDA we ÝHHG-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň ýagdaýlaryna seredilip geçildi.

Syýasy geňeşmeleriň barşynda taraplar oba hojalygy, saglygy goraýyş, söwda-ykdysady ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygy geljekde has hem ösdürmäge gönükdirilen birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar hyzmatdaşlygyň ösýän derejesini bellediler we bilim, ylym, we medeni-ynsanperwer ulgamlarynyň beýleki ugurlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilmeginiň wajypdygyny nygtadylar.