TÜRKMEN-EMIRLIKLER GATNAŞYKLARY HYZMATDAŞLYGYŇ ÄHLI UGURLARY BOÝUNÇA BERKIDILÝÄR

2019-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Halkara hyzmatdaşlyk döwlet ministri Rim bint Ibragim Al Haşiminiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda ministrler türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ösüşini, şol sanda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara meseleleri babatda meňzeş nukdaýnazarlaryň hem-de başlangyçlaryň köptaraplaýyn görnüşlerde ikitaraplaýyn goldanylmagy barada bellenip geçildi. Şeýle-de taraplar Türkmenistanyň gatnaşmagy meýilleşdirilýän “EKSPO-2020” halkara serginiň wajyplygyny bellediler. 

24-nji noýabrda Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezident işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler. Döwlet baştutanlarynyň birek-birege saparlarynyň türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň berkemegine uly itergi berýändigi barada hem bellenip geçildi. Şeýle-de taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň netijeliligi hem-de ýokary tehnologiýalar, şäher gurluşygy, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda tejribe alyşmagyň möhümdigi hakynda aýratyn belläp geçdiler.    

Ondan soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministri BAE-niň Daşary işler döwlet ministri Anwar Mohammed Gargaş bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Baş konsullygynyň açylyşynyň wajyplygy hakynda aýdyp, ministrler ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm ugurlary barada pikir alyşdylar. Iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk, şol sanda yzygiderli syýasy geňeşmeleriň geçirilmegi barada aýratyn gürrüň edildi. Şeýle hem energetika, ulag, bilim, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça gatnaşyklary giňeltmek meselelerine seredildi.