TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE “ROSSOTRUDNIÇESTWONYŇ” ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministri R.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlaryň işleri we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça Federal agentligiň (“Rossotrudniçestwo”) ýolbaşçysy E.Mitrofanowanyň baştutanlygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.

Birek-biregi gyzgyn garşylamak bilen, taraplar birnäçe ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp geçdiler.

Taraplar ylym, bilim, medeniýet we sungat ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklara aýratyn üns berdiler. Innowasion tehnologiýalary ulanmakda we sanly ykdysadyýeti ýaýbaňlandyrmak ulgamlaryndaky bar bolan tejribeleri paýlaşmak baradaky mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekdäki ornuny, ylmy gözlegler, hünärmenleriň hünärini ýokarlandyrmak ulgamynda hem-de medeni çäreleri geçirmekde “Rossotrudniçestwany” işe çekmek bilen meýilnamalaryň we taslamalaryň işlenilip taýýarlanylmagy boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.