MANAMADA TÜRKMEN-BAHREÝN IŞEWÜRLER FORUMY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 27-nji noýabrynda Bahreýn Patyşalygynyň Manama şäherinde türkmen-bahreýn işewürler forumy geçirildi.

Türkmenistandan bu çärä Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejepowyň ýolbaşçylygyndaky, düzüminde ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça işleýän döwlet we hususy edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bolan wekiliýet gatnaşdy. 

Işewürler forumynyň açylyşynda çykyş edip, Bahreýn Patyşalygynyň Söwda-senagat palatasynyň başlygy Samir Abdulla Ahmed Nass iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, ulag, innowasion tehnologiýalar, port infrastrukturasy, şäher gurluşygy ýaly pudaklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uly mümkinçilikleriniň bardygy barada aýtdy.

Şeýle-de, forumyň çäklerinde iki ýurduň dürli edaralarynyň we işewürler toparlarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda ýokary hyzmatdaşlyk tejribesiniň bardygy barada belläp, birnäçe türkmen we bahreýn kompaniýalarynyň wekilleri azyk senagaty, dokma senagaty, maliýe we syýahatçylyk pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmek mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.     

Gatnaşyjylar bu forumyň söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmekde, uzakmöhletleýin işewürlik gatnaşyklaryň täze ugurlaryny we gurallaryny kesgitlemekde nobatdaky amaly ädimiň boljakdygy hakynda aýtdylar.