TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTLERI DÖWLETARA GATNAŞYKLARY IŞJEŇLEŞDIRMEK BARADA PIKIR ALYŞDYLAR

2019-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň ikinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.  

Howa menzilinden türkmen Lideriniň awtoulag kerweni “Kuksaroý” döwlet kabulhanasyna tarap ugrady. Bu ýerde Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy boldy.  

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylap, Prezident Şawkat Mirziýoýew bu gezekki duşuşygyň ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine täze itergi berjedigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti mähirli kabul edilenligi we myhmansöýerlik, şeýle hem netijeli işlemäge döredilen mümkinçilikler üçin Özbegistan Respublikasynyň Baştutanyna minnetdarlyk bildirip, şu günki gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň we wajyp halkara meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.

Gepleşikleriň dowamynda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň gün tertibine girizilen meseleler boýunça pikir alyşmagyň çäklerinde, Türkmenistanyň döwlet Baştutany bu duşuşygyň dowamynda ýakyn we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitleniljekdigine, sebit hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna ynam bildirdi.

 “Kuksaroý” köşgünde geçirilen ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşikleri tamamlanandan soň, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew türkmen Lideri tarapyndan yazylan hem-de dürli dillere, şol sanda özbek diline terjime edilen kitaplaryň sergisine aýlanyp gördüler. 

Soňra iki döwletiň Liderleri maslahatlar zalyna geçdiler. Ol ýerde Türkmenistanyň Prezidentine Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň “Hormatly akademigi” atly derejäni bermek dabarasy boldy. 

Dabarany alyp baryjy bu ýere ýygnananlaryň adyndan ýurtlaryň Lidelerine hoşallyk sözlerini aýtdy. Bu pursatlaryň Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň taryhyna aýratyn şanly waka hökmünde girjekdigi bellenildi. Soňra Prezident Şawkat Mirziýoýewe söz berildi. Ol Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň durmuş ýoly we alyp barýan giňmöçberli döwlet işi barada gürrüň berdi.

Soňra alyp baryjy Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidiumynyň agzalarynyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň “Hormatly akademigi” diýen derejäni bermek hakyndaky degişli çözgüdini yglan etdi. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Behzot Ýuldaşew Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hormatly akademigiň lybasyny geýdirdi, hormat nyşanyny we degişli diplomy gowşurdy.  

Türkmen Lideri bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş etmek bilen, özüne hormatly adyň dakylandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. “Men muny Türkmenistana goýulýan hormatyň, ýurdumyzyň ylym we bilim babatda ýeten derejesiniň ykrar edilmeginiň we iki ýurduň halklarynyň dostluk hem-de pugta hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkeýändiginiň nyşany hökmünde kabul edýärin” diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.   

Dabara tamamlanandan soň, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew “Kuksaroý” döwlet kabulhanasynyň “Hywa” öýüne tarap ugradylar, bu ýerde bilelikdäki agşamlyk nahary guraldy.

Düýn Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Özbegistan Respublikasynyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Olaryň barşynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.   

Türkmen Lideriniň Özbegistan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.