DAŞKENTDÄKI DUŞUŞYKDA MERKEZI AZIÝA INTEGRASIÝASYNYŇ UGURLARY KESGITLENILÝÄR

2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti sammitiň resmi çäreleriniň geçirilýän ýeri bolan “Kuksaroý” köşgüne ugrady. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Daşkent şäherine şeýle-de Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem geldiler.

Däp bolan surata düşmek dabarasyndan soňra “Kuksaroý” köşgüniň kiçi maslahatlar zalynda dar düzümdäki ýokary derejeli bäştaraplaýyn duşuşyk başlandy.

Sammitiň gün tertibi syýasy, söwda-ykdysady, maliýe goýum, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer we beýleki pudaklardaky sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerini, şeýle-de halkara meseleleriniň we sebit howpsuzlygynyň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşmagy öz içine alýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda, Owganystanda ylalaşma prosesslerine ýardam bermek boýunça bilelikdäki işiň wajyplygyny belledi. Türkmen Lideri gepleşikler prosessine alternatiwanyň ýokdugy barada ynam bildirdi. Güýç bilen edilýän usullaryň bu meselede tersine bolup, netije bermeýändigini öňki tejribeler subut etdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň öň hem birnäçe gezek tekrarlan nukdaýnazaryny tassyklady, ýagny bitarap döwlet we iň ýakyn goňşy hökmünde biziň ýurdumyz Owganystandaky ýagdaýy parahatçylyk, syýasy taýdan düzgünleşdirmäge gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary gurmak üçin ähli gerekli şertleri döretmäge taýýardyr.

Dürli halkara guramalarynda, ilki bilen, BMG-de we ÝHHG-de bäştaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň ulgamlaýyn mehanizmlerini kadalaşdyrmak gerek. Hakykatdan hem wajyp sebit ähmiýetli meseleler boýunça biziň wekiliýetlerimiziň ylalaşylan pozisiýalary bolmaly hem-de özara goldaw berip, beýleki döwletleriň hataryndan pikirdeşleri çekmek bilen, şol pozisiýalarda maksadalaýyk durmaly diýip, döwlet Baştutanymyz belläp geçdi.     

Gatnaşyklaryň iň wajyp mowzugy hökmünde häzirki wagtda innowasion ösüş, ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlyk çykyş edýär. Netijeliligiň we bäsleşige ukyplylygyň sinonimi bolup durýan innowasiýa bolsa döwrebap umumadamzat ösüşinde öňe sürülýär diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.     

Söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, innowasiýalar pudaklaryndaky sebit hyzmatdaşlygyna maksadaokgunlylyk we ulgamlaýyn häsiýeti bermek üçin, türkmen Lideri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlaryna bäştaraplaýyn Iş geňeşini döretmek hakynda pikirlenmegi teklip etdi. 

Bu gurluş öz üstüne ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça sebit döwletleriniň birleşdirilen strategiýasyny emele getirmekdäki baş merkeziň wezipelerini alyp bilerdi diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.  

Öz çykyşynyň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow suw serişdelerini aýawly saklamak we olardan rejeli peýdalanmak ýaly sebit ýurtlary üçin wajyp bolan meseläniň üstünde hem durup geçdi. Şunuň bilen baglylykda, suw serişdelerine bolan deň we adalatly elýeterliligi üpjün etmek ýörelgelerine esaslanýan tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti hakynda bellenilip geçildi.    

Giň ynsanperwer gatnaşyklary goldamak we medeni gatnaşyklary ösdürmek bilen, biz hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek we birek-birege bolan gyzyklanma däpleriniň dowam etdirilmegini halklarymyz üçin üpjün edýäris diýip, türkmen Lideri belledi. Bu işde esasy roly sebit ýurtlarynyň döredijilik intelligensiýasy eýelär. Hut döredijilik intelligensiýasy öz üstüne dialogyň täze formatyny – Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeni dialogynyň forumyny girizmek başlangyjyny alyp bilerdi diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany aýtdy.