TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-RUMYN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar goňşuçylygy ýurtlary bilen gatnaşyklar müdirliginiň Baş direktory hanym Adriana Staneskunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.   

Duşuşygyň başynda, ulag we energetika pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça iki ýurduň DIM-niň düzümleýin bölümleriniň ýolbaşçylary derejesindäki geňeşmeleriň üstünlikli geçirilendigi barada belläp, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň oňyn dinamikasyny kanagatlanarly belläp geçdiler. Şeýle-de taraplar halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar.  

Duşuşygyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşdyldy. Taraplar Hazar deňzi – Gara deňiz halkara ulag ugruny döretmegiň taslamasyna aýratyn ünsi çekdiler. Şeýle hem taraplar 2020-nji ýylyň dowamynda ýokary derejeli saparlary hem-de 2020-nji ýylyň 1-nji ýarymynda rumyn parlamentiniň agzalarynyň Türkmenistana saparyny gurnamak mümkinçiligini öwrenmegi ylalaşdylar.