AŞGABATDA AZIÝANYŇ FUTZAL BOÝUNÇA 2020 ÇEMPIONATYNYŇ BIJE ATMAK DABARASY GEÇIRILDI

Şu gün, 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda paýtagtymyzyň «Оlimpiýa» myhmanhanasynda Aziýanyň futzal boýunça 2020 çempionatyna gatnaşjak toparlaryň arasynda bije atmak dabarasy geçirildi. Şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti sebit derejesindäki bu çäräniň geçirilmegi hakyndaky degişli resminama gol çekdi.

Bije atmak dabarasynyň jemlerinden belli bolşy ýaly, Omanyň, Täjigistanyň we Wýetnamyň toparlary Türkmenistanyň futzal boýunça ýygyndy topary bilen bir topara düşdüler.