TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ NEŞE SERIŞDELERINE WE JENAÝATLARA GARŞY MÜDÜRIÝETINIŇ SEBIT ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GURALDY

2020-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy göreş müdiriýetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasynyň ýolbaşçysy hanym Aşita Mittal bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatalara garşy göreş müdiriýetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasynyň ýolbaşçysyna, “Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahatyna gatnaşmaklyga çakylygy kabul edendigi we BMG-niň bu müdiriýetiniň wekillerine biziň ýurdumyzda geçirilýän dürli halkara çärelerine işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Soňra duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatalara garşy göreş müdiriýetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleriniň birnäçesine seredip geçdiler. Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeliligini nygtamak bilen, Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatalara garşy göreş müdiriýetiniň bilelikdäki tagallalary esasynda geljekde dürli ugurlar boýunça çäreleri geçirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşyldy.

Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan neşeleriň we jenaýatlaryň öňüni almak babatynda ýerine ýetirilen işleriň netijeliligine ýokary baha berip, Türkmenistan bilen BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatalara garşy göreş müdiriýetiniň arasynda hyzmatdaşlygy geljekde has hem giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.