Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde Aziada gatnaşýan ýurtlaryň 5-siniň baýdaklary galdyryldy

Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde ýaryşlara gatnaşýan ýurtlaryň 5-siniň baýdaklaryny galdyrmak dabarasy boldy. Şol ýurtlaryň wekiliýetleri eýýäm Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldiler. 

Düýn Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagy dabaraly ýagdaýda galdyrylan, baýramçylyk lybasyna beslenen baýdak sütünli meýdançada şu gün agşam ýene-de hakyky baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Gadyrly myhmanlar aýdym-sazlar, artistleriň çykyşlary hem-de däp bolan toý pişmesi bilen garşylandy. “Aşgabat 2017” oýunlarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary ýygnananlary mähirli mübäreklediler. 

Soňra Hormat garawuly rotasynyň esgerleri dabara girişip, Oýunlara gatnaşýan ýurtlaryň milli nyşanlaryny sarpaladylar. Ilki bilen Guamyň Döwlet senasynyň owazynyň astynda bu ýurduň baýdagy galdyryldy. Onuň gyzyl gaýmaly gök baýdagyny Ýuwaş ummandaky bu ada döwletiniň Tugrasynyň şekili bezeýär: onda Guamyň paýtagty Haganta şäherindäki kiçiräk aýlagda ýelkenli gaýyk, kokos palmaly kenar, derýa hem-de gyzyl harplar bilen ýazylan “GUAM” diýen ýazgy ýerleşdirilipdir. 

Guamyň Milli Olimpiýa Komiteti Aşgabada onlarça türgenden ybarat topary ugratdy. Olar sportuň ýedi görnüşi – basketbol, bouling, ýeňil atletika, gysga aralyga suwda ýüzmek, taekwondo, agyr atletika we göreş boýunça ýaryşa gatnaşarlar. Guam eýýäm 18-nji sentýabrda erkekleriň arasynda taekwondo boýunça geçiriljek ýaryşlara goşular. 

Soňra Liwanyň Döwlet senasynyň owazynyň astynda bu ýurduň baýdagy belende galdyrylýar. Onuň baýdagynyň ýokarsynda we aşagynda gyzyl zolaklar, ortasynda giň ak zolak, merkezinde bolsa gök reňkli liwan kedri şekillendirilipdir. Gyzyl reňk garaşsyzlyk ugrundaky göreşi, ak reňk arassalygy hem-de parahatçylygy alamatlandyrýar. 

Soňra Mikroneziýanyň Federatiw Ştatlarynyň ýyldyzly – mawy baýdagy hem-de Siriýanyň arap ýurtlary üçin däp bolan gyzyl, ak, gara reňkli, ýaşyl ýyldyzly baýdagy galdyryldy. Şu günki dabarany Ýemen jemledi. Bu günorta – günbatar aziýa Respublikasynyň gara-ak-gyzyl reňkli baýdagy milli senanyň owazy astynda galdyryldy. 

Ýygyndy toparlaryň agzalaryna guramaçylardan ýadygärlik sowgatlary – ajaýyp türkmen halylary gowşuryldy. Ýene-de gutlaglar hem-de sport üstünlikleri we ajaýyp ýeňişler baradaky iň gowy arzuwlar ýaňlandy.