TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTANYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanymyz Russiýanyň iri sebitiniň ýolbaşçysy bilen mähirli salamlaşyp, ony geçen Halkara Nowruz güni bilen gutlady we doganlyk Tatarystanyň halkyna abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi. Türkmen-russiýa strategik hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň sebitleri, şol sanda Tatarystan Respublikasy bilen özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzy Tatarystan bilen iki halkyň taryhy-medeni we ruhy umumylygyna esaslanan, öňden gelýän gatnaşyklar baglanyşdyrýar.

Özara ynanyşmagyň ýokary derejesi dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Söhbetdeşler taraplaryň köp ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklap, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar şeýle hem dostluk we özara düşünişmek ýagdaýyndaky türkmen-tatar gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýän medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmenistanly talyplar barada edýän aladasy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşler şeýle hem dünýä ykdysadyýetine ýaramaz täsir edýän koronowirus pandemiýasy bilen baglanyşykly ýagdaýy we şunuň bilen baglylykda, bu keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin lukmançylyk serişdelerini öndürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Rustam Minnihanow birek-birege berk jan saglyk we rowaçlyk arzuw etdiler.