AHHG-NYŇ DÖWLETARA UTGAŞDYRYJY SUW HOJALYK TOPARYNYŇ 78-NJI MEJLISI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň suw hojalyk pudaklarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň 78-nji mejlisi geçirildi. Agzalan duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar 2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammitiň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannama salgylanmak arkaly bu ugurda degişli ýurtlarda durmuşa geçirilýän çäreleri giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri tarapyndan Aral deňziniň basseýni bilen bagly ekologiýa, suw hojalyk we durmuş-ykdysady ýagdaýlary ösdürmäge gönükdirilen möhüm meseleler boýunça öňe sürlen teklipleriň we başlangyçlaryň ýerine ýetirilişi boýunça pikirleri alyşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar tarapyndan Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylyň 12-nji aprelinde Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda eden taryhy çykyşyndan ugur alyp, häzirki wagtda ýurdumyzda giňden durmuşa geçirilýän suw diplomatiýasynyň netijeli durmuşa geçirilýändigi we onuň täze köptaraply syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek üçin ygtybarly gural bolup hyzmat edýändigi aýratyn bellenilip geçildi.

Şunlukda mejlisiň gün tertibine laýyklykda, “Amyderýa“ we “Syrderýa“ sebit suw hojalyk birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň bu derýalaryň sebitlerinde 2019-2020-nji ýyllarda oba hojalyk ekinleriniň ösüş döwründe alnan suwlaryň jemleýji hasabatlary diňlenildi. Şeýle-de Amyderýa we Syrderýa boýunça 2020-nji ýylda oba hojalyk ekinleriniň ösüş döwründe Merkezi Aziýa döwletleri üçin suwdan peýdalanmagyň çäkli möçberleri we bu derýalardaky suw howdanlarynyň iş tertibi hem tassyklandy.

Geçirilen 78-nji mejlisiň jemleri boýunça Teswirnama kabul edildi.