BMG-NIŇ HALKARA RESMINAMALARYNA GOŞULYŞMAK BOÝUNÇA IŞ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda BMG-niň birnäçe halkara resminamalaryna goşulmak boýunça iş duşuşygy geçirildi. Mejlis Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde geçirildi.

Duşuşyga şeýle-de ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler, Adalat, Gurluşyk we binagärlik, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hem-de beýleki pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň durnukly ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berdiler. Bu ugurda taraplar biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň ulag ulgamyndaky ähmiýetli halkara resminamalaryna goşulmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň çäklerinde bellenilip geçilişi ýaly, ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda ulag ulgamynyň ösdürilmeginiň strategiýasy halkara jemgyýetçiliginiň tagallalary bilen işjeň utgaşdyrylýandyr. Türkmenistan bu ugurda amatly geosyýasy orny eýeleýändir we hemmetaraplaýyn durmuşa ornaşdyrylmagy üçin ägirt uly mümkinçikleri bardyr.