TÜRKMENISTAN BILEN ÝAPONIÝANYŇ HALKARA HYZMATDAŞLYK BANKYNYŇ ARASYNDA SANLY WIDEO ARAGATNAŞYK ARKALY DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň binasynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň arasynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde nebit-gaz we himiýa pudaklaryndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk bilen bagly köp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Oba we suw hojalygy pudaklarynda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak we ýapon hyzmatdaşlarynyň sil akymlarynyň öňüni almak we olary ilatly ýerlerden çykarmak boýunça tejribesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aýratyn üns berlen zatlaryň biri, ol hem Türkmenistanda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän taslamalary maliýeleşdirmek meseleleri boldy. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen birnäçe karz şertnamasyny baglaşan, ýapon Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) möhüm orny bellendi.

Türkmenistanyň ykdysady syýasatyny goldamak bilen ýapon tarapy, özleriniň işewürlik gurluşlarynyň we maliýe guramalarynyň özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklaýar.