AŞGABATDA TÜRKMEN-OWGAN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň binasynda wideokonferensiýa görnüşinde türkmen-owgan syýasy geňeşmeleri geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirildi.

Geňeşmeleriň barşynda taraplar sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de halkara jemgyýetçiligi üçin ýeňil bolmadyk häzirki döwürde ýurtlaryň özarahereketlerine we birek-birege kömek bermekleriniň derwaýyslygyna aýratyn üns çekdiler.

Şeýle-de dostlukly ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň arasyndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagadaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki döwletiň halkara platformalarynyň çägindäki, aýratyn-da abraýly sebit we halkara guramalarynyň ugry boýunça özara hyzmatdaşlyklarynyň ähmiýeti nygtalyp geçildi.

Taraplar şeýle-de Türkmenistanyň we OYR-nyň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özarahereketleriniň häzirki ýagdaýyna hem seredip geçdiler. Bu ugurda taraplar ulag, gurluşyk we energetika ulgamlarynda, hususan-da TOPH gaz geçirijisi we TOP elektrik toguny geçirijisi boýunça öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi babatynda bilelikdäki tagallalaryň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyna hem üns çekdiler.