ÝUNESKO-NYŇ BAŞ DIREKTORYNYŇ ORUNBASARYNYŇ MEDENIÝET MINISTRLIKLERIŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary bilen  sebit ýurtlarynyň medeniýet ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda oňa gatnaşyjylar hyzmatdaşlagyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda ylym-bilim we medeniýet ulgamlary  hakynda pikir alyşdylar, taryhy-arhitektura ýadygärliklerini gorap saklamak ulgamyndaky gatnaşyklar barada belläp geçdiler, şeýle-de özboluşly taryhy we medeni mirasy gorap saklamagyň we giňden wagyz etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary ilatyň arasynda ÝUNESKO-nyň ähmiýetini we oňa garaýyşlaryny giňeltmek boýunça halkara bilermenleriniň duşuşyklarynyň guralmagynyň zerurlygyny belläp geçdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar şeýle-de bilim, ylym, medeniýet, suw hojalygy we maglumat hem-de kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamlarynda özara hereketleri giňeltmegiň meselelerine hem seredip geçdiler.