ÝDK BABATYNDA TÄZE STRATEGIÝANYŇ WE HEREKETLERIŇ MEÝILNAMASYNYŇ IŞLENILIP DÜZÜLMEGINIŇ ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLMAGY BOÝUNÇA WIDEOKONFERENSIÝA

2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde BMG-niň Aşgabatdaky Wekilhanasynyň binasynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň wekilleri bilen Ýokanç däl keselleriniň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021-2030-njy ýyllary üçin täze strategiýanyň işlenilip düzülmeginiň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça wideokonferensiýa geçirildi. Bu duşuşyk türkmen tarapynyň ýardam bermeginde BSG-nyň Türkmenistandaky  Ýurt boýunça edarasy tarapyndan guraldy.

Onlaýn-duşuşyga Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Web-ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda biziň ýurdumyzyň ýokanç däl keselleriniň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşilmegi boýunça gazanan üstünlikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle-de bu ugurda ýakyn geljekde durmuşa geçirilmeli bilelikdäki hereketler dogrusynda pikirler alyşyldy. Taraplar şeýle-de milli hem-de sebitara derejesinde innowasion tehnologiýalaryna, degişli lukmançylyk hem-de barlaghana maglumatlaryna deňderejeli ygtyýarlygyň üpjün edilmeginiň zerurlygyny aýratyn nygtap geçdiler.

Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021-2030-njy ýyllar üçin Türkmenikstanyň Milli strategiýasyny we ýerine ýetirilmeli çäreleriň hereketleriniň Meýilnamasyny işläp taýýarlamak maksady bilen Iş topary döredildi.