TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE DÖM-NYŇ MALIÝELEŞDIRILMEGINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA HALKARA SEMINAR GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly «Durnukly Ösüş Maksatlaryny maliýeleşdirmek: maliýeleşdirmegiň integrirlenen milli gurallarynyň ähmiýeti» atly halkara seminar geçirildi.

         Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Maksatnamasyna (SPEKA) gatnaşyjy-ýurtlaryň, ýagny Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ministrleriniň derejesindäki wekiliýetler gatnaşdylar. Seminara şonuň ýaly-da BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň, BMG-niň birnäçe agentlikleriniň, şol sanda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, ÝUNISEF-iň, BMG-niň Ilat Gaznasynyň wekilleri, Bütindünýä banky, Halkara Pul Gaznasy ýaly halkara maliýe edaralarynyň we beýleki halkara guramalarynyň, şeýle-de SPEKA institutynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda ýurdumyzyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, döwletimiziň degişli ugurdaş ministrleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri wekilçilik etdiler. 

         Halkara seminar şu ýylyň 20-23-nji aprelinde geçirilen ösüşi maliýeleşdirmegiň meselelerine bagyşlanan BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň Forumynyň netijeleri bilen tanyşmaga, şonuň ýaly hem COVID-19 pandemiýasynyň durmuş-ykdysady ulgamynda ýetirýän täsiriniň gowşadylmagy hem-de bu ugurdaky çäreleriň maliýeleşdirmegiň integrirlenen milli gurallarynyň döredilmegi arkaly DÖM-ny maliýeleşdirmegiň has uzakmöhletleýin maksatlary bilen utgaşdyrylmagy maksady bilen ýurtlar tarapyndan alnyp barylýan çäreleri ara alyp maslahatlaşmak we olar dogrusynda tejribe alyşmak mümkinçilik döretdi.  

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy öz çykyşynda Türkmenistan tarapyndan milli derejede durmuşa geçirilýän tagallalaryň halkara özarahereketleriniň aýratyn ähmiýetliligine, häzirki zaman meseleleriň bölünmezliginiň we özaragaraşlylygynyň konseptual nukdaýnazaryna, ýer togalagynyň beýleki böleklerinde mümkingadar ulanylmagy üçin her bir ýurduň tejribesiniň jikme-jik öwrenilmeginiň wajyplygynyň ykrar edilmegine esaslanandygyny nygtap geçdi.

Soňra EKOSOS-yň 2020-nji ýyldaky ösüşiň maliýeleşdirilmegi we pandemiýanyň durmuş-ykdysady täsirleriniň ýeňilleşdirilmegi babatynda toplumlaýyn halkara goldawy boýunça  Forumynyň jemleri hakynda BMG-niň Durmuş-ykdysady meseleleri boýunça departamentiniň Durmukly ösüşiň maliýeleşdirilmegi Bölüminiň Direktory çykyş etdi. 

Şeýle hem SPEKA gatnaşyjy-ýurtlaryň ministrleriniň we BMG-niň agentlikleriniň birnäçesiniň wekilleriniň mazmuna baý çykyşlaryň çäklerinde abraýly halkara guramalary we maliýe institutlary tarapyndan sebit hem-de halkara derejesinde milli ykdysadyýetleriň depginiň saklanylmagy üçin durmuşa geçirilýän hemmetaraplaýyn goldawlara giňişleýin syn berildi.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň netijeleri boýunça halkara seminaryna gatnaşyjylar tarapyndan jemleýji Beýannama kabul edildi.